Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdygy we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary ynsanyň kalbynda öçmejek orun alýar, çünki onuň goşgularynda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär.
Magtymguly Pyragynyň eserlerindäki garaýyşlary beýleki halklara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, demokratiýa, däp-dessurlara esaslanýar. Şahyryň edebi mirasy “siwilizasiýanyň dialogy” diýlip atlandyrylýar. Häzirki wagtda Magtymgulynyň döredijiliginiň halkara derejede dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyp bileris.
Şahyryň eserlerinde maslahat beriji setirler, pähim paýhasa öwrülen bentlerinde durmuşyň ähli ugurlaryndan söz açýandygyny aýtmak bolar.
Dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny saklamak örän möhüm bolup, ýurdumyzyň ähli pudaklaryna öz täsirini ýetirýär. Dostluk adamzat döräli bäri ynsanlaryň özara ysnyşykly gatnaşyklary netijesinde ýüze çykyp, kämilleşip gelen päk duýgudyr. Türkmen halky «Dostsuz başym, duzsuz aşym», «Ataň barka, dost gazan, atyň barka – ýol» diýýär. Magtymguly Pyragy dostluk barada söhbet açanda, dostlugyň mydamalyk bolmagyny, ara ýamanlygyň, ýowuzlygyň düşmezligini arzuwlaýar:
Iki dostuň arasynda,
Ýowuz-ýaman iş bolmasyn.
Ussat şahyryň poeziýasynda ýugrumy ýeten setirler dürdäne paýhaslara öwrülip, häzirki wagtda hem halka ýoda-ýörelge bolmak hyzmatyny ýerine ýetirip gelýär.
Öwezjan Joraýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika Institutynyň
2-nji ýyl talyby.
Teswirler