Çeper eseri okamak hemişe ynsana ruhy lezzet berýär. Aýratyn-da şol eseri asyl nusgasynda okasaň. Eger terjimeçi eseriň asyl nusgasyna zeper ýetirmän, sünnälik bilen terjime eden bolsa, bagtyň getirdigi. Sebäbi terjimeçi ýazyjy bilen bir dilde gürlemegi, oňa düşünmegi, aýtmak isleýän zatlaryny bir penjireden garaýan ýaly görmegi başarmaly. Şonuň üçin, terjimeçilik sungaty, esasanam, edebi hem-de ylmy eserleriň terjime edilmegi ykdysady-medeni ösüşe iterýän güýçleriň biri hökmünde kabul edilýär.
Gadymy döwürlerde, esasan, dini kitaplar terjime edilipdir. Hristian ybadathanalaryndaky ruhanylar okuwçylaryna Injili terjime etdiripdirler. Terjimeçilige ilkinji ýol açan italýan ruhanysy Jerome hasaplanýar. Ol gadymy grek dilinde ýazylan Injili latyn diline geçiripdir. Jerome 420-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda aradan çykypdyr.
Mämmet Seýidow, Kerim Gurbannepesow, Gurbandurdy Gurbansähedow, Annaly Berdiýew, Bäşim Ataýew, Ata Atajanow, Kakabaý Gurbanmyradow, Annaberdi Agabaýew, Atajan Taganow, Çary Geldimyradow ýaly türkmen terjimesiniň ägirtleri daşary ýurt eserlerini türkmen diline terjime edip, edebiýatymyzyň altyn sahypalaryny baýlaşdyrdylar.
Enejan ORAZMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
talyby.
Teswirler