Kofeniň hilini nähili barlamaly?

Kofeni demlemekde onuň hilini barlamagyň usuly barada hünärmen käbir maglumatlary aýdyp geçýär. Munda esasy üns bermeli zadymyz, kofeniň çökündisidir.

Kofeniň natural ýa-da bitin haldaky görnüşleriniň haýsysynyň gowulygy baradaky jedeller eýýäm köpçüligi kän bir gyzyklandyrmaýar. Emma natural haldaky kofeni demlemek üçin özbaşdak boş wagt gerek bolup durýar. Şonuň üçin hem adamlar ýagdaýa görä, taýýar hasaplanýan ereýän kofeden peýdalanýarlar. Şeýle hili ereýän kofeniň hili, ony nähili bilip bolýanlygy barada önümleriň hilleri baradaky inspeksiýasynyň hünärmeni Nina Zaýsewa gürrüň berýär. Onuň pikiriçe, eger ereýän kofeniň çemçeläp sowuk suwa atylan ýagdaýynda onuň düýbünde çökündi emele gelse, onda bu kofeniň hiliniň pesligidir.

Zaýsewanyň bellemegine görä, bu kofeniň önümçilik aýratynlyklarynda, onuň tehnologiýasynyň bozulmagynda kemçiligiň ýüze çykanlygyny aňladýar. Hakyky ýokary hilli kofe sowuk suwda-da, gyzgyn suwda-da çökündini emele getirmeýär.

Ýatlap geçsek, ýaňy-ýakynda island alymlary kofeniň göwreli zenanlar üçin zyýanly taraplarynyň örän köpdügini ýüze çykardylar. Şeýle hili ýagdaýda kofeniň köp içilmegi çaganyň düşmegine ýa-da onuň has ýeňil bolup dogulmagyna getirip biler.

Laçyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok