Bilşimiz ýaly, ähli ýokary okuw mekdeplerinde synag döwri başlandy. Aglaba talyplaryň stresli, ukusyz hala düşmegine sebäp bolýan synaglardan üstünlikli geçmegiň hemmämize mälim bolmadyk käbir ýollaryny geliň bilelikde öwreneliň.
Ilki bilen synagdan üstünlikli geçmegiň möhüm düzgüni rahatlygy elden bermezlik. Haçan adam ynjalygyny ýitireninde beýnisiniň işleýşi hem peselýär. Bu bolsa siziň bilýän zatlaryňyzy unutmagyňyza sebäp bolup biler.
Özüňize ynam synagdan geçmegiň altyn düzgüni hasaplanylýar. Haçanda siz aýdýan zatlaryňyzy özüňize ynam bilen aýtsaňyz mugallymlar size aşa kän sowal berjek bolup durmaz.
Dogry iýmitlenmegiň hem synaglara täsiri bar. Synagdan öň başarsaňyz iýip-içmejek boluň ýa-da azajyk zat bilen oňmaga çalşyň. Sebäbi dok bolmak beýnimiziň işjeňligine bellibir derejede päsgel berýär.
Synaga bir gün galanda okamagy bes ediň. Bilýän zatlaryňyzy synagdan iki ýa üç gün öňinçä gaýtalaň, hemme zatlary bir günde öwrenjek bolmak maglumatlaryň beýnide bitertip ýerleşmegine we ähli maglumatlaryň birdemde ýitip gitmegine sebäp bolýar.
Synaga wagtynda baryň. Gijä galyp ýa-da ýolda basym ýetjek bolup strese düşmek siziň irdenki keýpiňizi alyp synaglara jogap bermäge bolan höwesjeňligiňizi peselder. Höwessiz berlen jogap bolsa hiç kimi kanagatlandyrmaz.
Ýene-de bir bellemeli zat, mugallymlaryň esasan, haýsy soraglary ulanjagyny sapaklaryň dowamynda yzarlap öňünden takmyn etse bolar. Beriljek soraglar mälim bolanda berilýän jogaplar has anyk hem doly bolmagyna ýardam eder.
Iň gowy usul bolsa synaglara taýýarlygy okuw ýylynyň başyndan başlamakdyr. Her geçilen temany düýpli özleşdirmek synaglara hemişe taýýar bolmagyňa getirer.
Hiç bir zatdan gorkmaň. Talyplygyň altyn döwürdigini synaglaryň bolsa iň ýakymly ýatlamalary goýýan möwsümdigini ýatdan çykarmaň.
Üstünlik hemraňyz bolsun!
Bägül HAÝDAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler