Jennet guşuny ilkinji görenler ony hakyky däl ýasama oýunjaga ýa-da çekilen surata meňzedipdirler. Bu guşlary ýekeje gezek hem görmän, olaryň nähili owadanlygyny we özboluşlylygyny göz öňüne getirmek kyn. Jennet guşuny latyn dilinden terjime edilende ,,Jennetiň aýaksyz guşy” diýen manyny berýär. Bu guşlar ilkinji gezek Ýewropa 1522-nji ýylda (garantgy görnüşinde) ýeriň töwereginden ilkinji gezek aýlanyp çykan syýahatçy Fernando Magellan we onuň ,,Wiktoriýa” gämisinde getirilýär.
Jennet guşy serçeşekilliler maşgalasyna degişli ajaýyp guşlaryň biri hasaplanýar. Jennet guşlar urugynyň 44 sany görnüşi bolup, olar diňe Täze Gwineýada we Awstraliýanyň demirgazyk günbatarynda duş gelýär. Jennet guşunyň Korol Saksoniýa görnüşiniň kellesinde uzynlygy 50 sm bolan asman gök reňkli kiçijik dörtburçluklar bilen örtülen iki sany ýelekli bezegi bar. Ajaýyp galkanly jennet guşy öz adyny atylan top okuna meňzeş ýogyn sesi üçin aldy.
Köpeliş döwründe mawy reňkli urkaçy kellesini aşak egýär. Egilin kellesini guýrugynyň täsin mawy ýelekleri bilen örtýär. Lenta guýrukly jennet guşunyň guýruk ýeleginiň uzynlygy 1 metre ýetýär. Miweler we mör-möjekler esasy iýmiti bolup durýar. Käbir görnüşleri ýapraklar we tomzaklar bilen iýmitlenýär.
Täze Gwineýanyň aborigen halky Jennet guşunyň ýeleklerini saç bezegi hökmünde peýdalanýarlar. XIX asyryň başlarynda Ýewropada aýal-gyzlaryň köýneklerini we şlýapalaryny bezemek üçin her ýylda 100 müň sany guş derisi satylýar. Täze Gwineýadan Ýewropa getirilen ilkinji guş derileri aýaksyz bolupdyr. Şonda adamlar bu guşlary ýere gonmaýar diýip pikir edipdirler.
Şalyk Jennet guşunyň uzyn guýruk ýelegi beýleki guşlaryň ýeleklerine seredende has hem owadan. Bu guşyň ýene bir täsin aýratynlygy jübütleşme döwründe erkek guş urkaçyny özüne çekmek üçin ajaýyp keşbe girip tans edýär. Ganatlaryny galgadyp urkaçyny özüne çekmäne synanyşýar. Eger urkaçynyň öňünde birnäçe erkek tans edýän bolsa onda urkaçy olaryň tansyna içgin tomaşa edýär we has mynasybyny saýlaýar. Jübütleşmeden soň erkek urkaçyny taşlap gidýär we başga urkaçylar bilen jübütleşmäne çalyşýar.
Şeýle öz boluşly täsinliklere ser salanymyzda, adamzat aňynda ýatdan çykmajak ýatlamalar bolup galýar. Şol täsin ýatlamalaryň ajaýyplarynyň biri hem Jennet guşy bolsa gerek!
Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler