Kakos

Alymlaryň bellemegine görä, kokos agajy biziň günlerimize çenli saklanyp galan dünýädäki iň gadymy ösümlikleriň biri. Agajyň uzynlygy 25 metre, ýapraklarynyň uzynlygy 4 metre çenli ýetýär.

Kokos hozy – bu hoz däl has dogrusy, kokos agajynyň gury şänikleri. Olaryň içinde şire we süýt saklanýar. Bişmedik (5 aýdan hem az) hozuň düzüminde ýarym litr turşumtyk-süýji suwuklyk bolýar-oňa kokos süýdi diýilýär . Haçanda bişensoň, bu suwuklyk galyňlaşýar we ak ete öwrülýär. Kokosyň etine kopra diýilýär. Kokos hozunyň diametri 30 sm, agramy 2-4 kg barabar.

Kokos sport bilen meşgullanýanlaryň ählisine maslahat berilýär. Ol içegäniň hereketini güýçlendirýär we madda çalşygyny gowulandyrýar. Kokos ýagyny aşgazan ýarasy, gastrit, kolit üçin peýdalanmaklyk maslahat berilýär. Kokos ýagy kosmetologiýada işjeň ulanylýar. Laurin, olein we kapril turşulyklary deriüçin peýdalydyr. Olar suw deňagramlylygyny saklaýarlar, metabolizmi işjeňleşdirýär. Ondan deri ýokumly maddalar bilen iýmitlenýär. Emma ýagly deri ýapyk gözeneklere sezewar bolýar, şonuň üçin ýag gury deri üçin has amatlydyr.

Kokos ýagy saç we dyrnak üçin hem ulanylyp bilner. Sabynlar, çalgy ýaglary we balzamlar onuň esasynda taýýarlanýar. Ondaky E witamin gan damarlarynyň diwarlaryny güýçlendirýär, ateroskleroz howpuny peseldýär. Şeýle-de ol ýürek we gan damarlarynyň ýagdaýyny gowulandyrýar.

Aýlar IŞANKULIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok