- Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, çagalar günde 300-400 gezek gülýärler. Uly adamlar bolsa 15-20 gezek gülýärler.
- Gülkini öwrenýän ylma geotologiýa diýilýär.
- Gülki öýkenimizi arassalaýar. Çünki biz gülen wagtymyz uludan hem-de çuň dem alýarys.
- Adam gülen halaty onda bagt garmony endorfin bölünip çykýar. Bagt garmony diňe bir keýpimize täsir etmän, eýsem, agyrymyzy hem aýyrýar.
- Gülkiň artykmaç agramy aýyrmakda uly haýry bar. Alymlaryň bellemegine görä, günüň dowamyndaky 15 minutlyk gülki, hepde-de üç gezek ýerine ýetirilýän 30 minutlyk beden maşklarynyň ýerine tutup bilýär.
- Gülki, iň gowy dynç alyşdyr. 5 minut gülki 30-40 minut dynç alşyň ýerine tutmaga ukyply.
- Köp adamlar gülküden ýüze ýygyrt düşýär diýip çaklaýarlar. Emma bilermenleriň aýtmagyna görä, gülki ýüzdäki myşsalary berkidýär, onuň deriniň sagdyn hem-de ter saklanmagynda uly ähmiýeti bardyr.
- Zenanlar erkeklere görä has köp gülýärler.
- Germaniýada ýörite masgarabaz-lukmanlar bolup, olar gülkiň üsti bilen agyr näsaglary bejerýärler.
- Gülki örän ýokançly närsedir. Deňiňizden geçip barýana ýylgyrsaňyz, ol hem size hökman ýylgyryş bilen jogap berer!
Mekan AŞYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler