Kanunçylyk binýadyny berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny

Türkmen halky gadymdan bäri parahatsöýjülik, ynsanperwerlik, goňşuçylyk we özara düşünişmek syýasatyny ýöredip gelýär. Şol sebäpli Türkmenistan döwletimiziň baky Bitataplygy gadymy geçmişden gözbaş alyp gaýdýar. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmekde hem Bitaraplyk syýasatynyň ýöredilmegi aýratyn bellärliklidir.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda 185 döwletiň goldamagynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ikinji gezek ykrar etdi.

«Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Kararnamasynda dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Onda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegi türkmen halkynyň häzirki we geljekdäki durmuşynda uly orun eýelýänligi bellenilýär.

Ýurdumyzyň hukuk ulgamy halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyny gowulandyrmaga, her bir şahsyýetiň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şundan ugur alyp milli kanun çykaryjylyk ulgamy kämilleşdirilýär, Türkmenistanyň täze kanunlary çykarylýar.

Hormatly Prezidentimiz ýaňy ýakynda geçirilen Lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenmesinde:
Lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyna gatnaşyjylar!
Siziň ähliňizi «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu maslahatyň halklarydyr döwletleri jebisleşdirýän Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmegine biziň ýurdumyza bolan belent hormatyň, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we ynsan saglygyny goramak babatda alyp barýan işlerimiziň ykrar edilmegi hökmünde garaýarys. Dünýäniň 120 döwletini özüne birleşdirýän Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň arasynda pandemiýa hem-de pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe toplanan tejribelere esaslanýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we işjeňleşdirmek, hususan-da, lukmançylyk, sanitariýa ugurlary boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek boýunça tagallalary utgaşdyrmakda bu maslahatyň ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýaryn – diýip belläp geçdi.

Bu günki günde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy tutuş dünýä üçin daşary syýasy işiň ajaýyp nusgasyna öwrüldi.

Abdylkerim Agaýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

we informatika institutynyň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok