Beýleki daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda Aşgabadyň ýaşaýjylary fransuz nirede öwrenip bilýär?
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynda Dil bilimi we edebiýatynyň ugrynyň fransuz dili hünär boýunça ýokary bilim berýär.
Şu institutyň garamagynda bolsa ähli umumy raýatlara açyk möhletli okuwlary hödürleýän “Dil” merkezi hem fransuz dili boýunça okuwlary hödürleýär.
Fransiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň garamagynda Türkmenistandaky Fransuz Instituty hem raýatlara dil okuwlary hödürleýär. Bu merkeziň wezipeleri fransuz dilini okatmak, köpçülige döwrebap Fransiýa barada maglumat bermek we ýerli köpçüligi fransuz medeniýeti bilen ähli tarapdan tanyşdyrýan çäreleri guramak. Türkmenistandaky Fransuz Instituty Torgowaýa köçesi j. 1/12 744000 Aşgabat salgysynda ýerleşip,
+99312270860 telefon belgisi ýa-da onlaýn sahypada sanly ulgamda habarlaşyp bolar.
Bilim Ministrliginiň garamagyndaky “Diller dünýäsi” dil merkezi hem beýleki diller bilen bir hatarda fransuz dili boýunça möhletli okuwlary hödürleýär. Merkeziň ýerleşýän salgysy: ş. Aşgabat, Parahat 3/2 ýaşaýyş toplumy, Ýunus Emre köçesi (57-nji orta mekdep bilen bitewi bina). Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312450796, +99362533883.
TSTB-nyň garamagyndaky Telekeçiler Mekdebi biznes we hünär öwrenişe degişli beýleki möhletli okuwlar bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini hem hödürleýär.
Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň garamagyndaky 4-nji, 7-nji, 27-nji, 61-nji, 136-njy we 143-nji orta mekdepleriniň meýilnamasynda fansuz dili hem girizilen.
Şeýle-de Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Dalçyn”, “Dana”, “Daýan”, “Gujurly Nesil”, “Hukuk, Biznes we Tehnologiýalar”, “Päk Nesil” we beýleki okuw merkezleri hem möwsümleýin ýagdaýda fransuz dili okuwlaryny hödürleýärler.
Türkmenistanly ýaşlaryň gyzyklanma bildirýän Ýewropa dilleriniň biri fransuz dili bolup durýar. Fransiýada ýokary bilim alýan türkmen talyplary hem-de bu döwlete syýahatçylyga gidýän türkmen jahankeşdelerini sany hem artýar.
Ýaş zehinleriň Döwran Şammyew we Mähri Şammyewa doganlaryň ýerine ýetirmeginde fransuz dilinde şekilli aýdymy sungat muşdaklarynyň arasynda uly seslenme gazandy.
Türkmenistanda birnäçe fransuz kompaniýalarynyň — «Buig», «Sifal», «Winçi», «Tales», «Total» we beýleki kompaniýalaryň alyp hyzmatdaşlyklary alnyp barylýar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň sungatda at gazanan işgäri Atajan Taganyň galamyndan “Keseki” romany türkmen-fransuz taryhyndaky täsin gatnaşygy taryplaýar. Bu romanda 18-nji asyrda Merwde Gowşut hanyň goşunyna ýeňilen Eýran goşunynyň arasynda ýesir düşen pereňli Gulibef de Blokwil barada çeper beýan edilýär. 14 aý dowam eden ýesirlik döwründe degişli täsinlikleri barada gyzykly wakalaryň uly bölegi ýazyjy Atajan Taganyň öz çeper beýany bolup durýar. Aşgabat şäherindäki A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda “Biz hökman duşuşarys!” ady bilen sahnada görkezilýär.
Teswirler