Şygryýet äleminiň ýyldyzy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ady äleme dolan, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýubileýine şu günlerden uly taýýarlyk görülýär. Muňa ýurdumyzda her günde şahyryň hormatyna geçirilýän baýramçylyk dabaralary, ylmy-amaly maslahatlar, onuň döredijiligi esasynda taýýarlanýan edebiýat duşuşyklary aýdyň mysaldyr.

Gahryman Arkadagymyz: “Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr” diýip belleýär. Hormatly Arkadagymyzyň şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, döredijiligi barada aýdan sözleri örän jaýdar, jüpüne düşen jümleler bolup, onda hormatly Arkadagymyzyň beýik şahyra bolan mizemez buýsanjy jemlenendir. Diňe bir türkmenleriň däl, eýsem, bütin dünýäniň, dünýä akyldarlarynyň, alymlarynyň… ünsüni özüne çeken beýik şahyr barada düýpli işler, dissertasiýalar, makalalar ýazylyp, onuň ýiti aňynyň önümi bolan döredijiligi dürli taraplardan derňelip öwrenilýär. Bu bolsa beýik şahyra goýulýan sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.

Magtymguly Pyragynyň ady agzalanda, ilkinji nobatda, mertebe, wepadarlyk, söýgi, watançylyk, agzybirlik ýaly sözler diliňe gelýär. Çünki, ussat şahyr halkymyza miras goýup giden gymmatly eserlerinde ýürek arzuwlaryny, göwün isleglerini çuňňur beýan edipdir. Beýik şahyryň döredijilik dünýäsi, ilki bilen, türkmen halkynyň ykbalyna dahylly meselelere seslenipdir. Akyldaryň dünýewi garaýyşlaryny, döredijiligindäki filosofiki pikirlerini, halkyň milli dünýägaraýşynyň kemala gelmegindäki hyzmaty örän uludyr. Şonuň üçinem şahyryň döredijiligi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy bilen aýrylmaz baglydyr. Onuň eserleri nesilleri terbiýelemegi, olara eziz Watanyny, ene topragyny, mukaddes ojagyny söýmegi öwredýän bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr.

Goý, milli medeniýetimiziň we ähli mukaddes gymmatlyklarymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-halk bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!

Mähri ATAMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok