Dil biliminde söz ýasalyş usulynyň aýratynlyklary

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Dostlukly gatnaşyklaryň netijesinde ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýy hem barha artýar. Şu nukdaýnazardan hem, dünýä dillerini öwrenmek döwrüň talabyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň dil baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň bilim edaralarynda dilleriň okadylyşyny we öwredilişini dünýä ülňülerine laýyk getirmekde, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, bäsleşige ukyply, ýurduň ykdysadyýetini mundan beýläkde ösdürjek hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Hormatly Arkadagymyz tarapyndan Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasynyň kabul edilmegi ýurtda ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini öwretmekde möhüm wezipeleri öňde sürdi. Milletiň şöhratly taryhyny, edebi mirasyny, medeniýetini we milletiň özboluşlylygyny dünýä ýaýmakda, ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmakda ene dili bilen bir hatarda dünýä dilleriniň öwrenilmegine we öwredilmegine möhüm orun degişli bolup durýar.

Dil adamzadyň aňy bilen özara baglanyşyklydyr, sebäbi aňladylýan düşünjeleri diňe söz bilen düşündirip bolýar. Dil-munuň özi dil biliminiň öwrenýän wajyp meselesi bolup, örän çylşyrymly köp taraplaýyn hadysa hökmünde jemgyýetiň we tebigatyň birnäçe beýleki hadysalary bilen hem ýakyndan baglanyşyklydyr. Eger-de dünýäniň ähli dili üçin mahsus bolan käbir umumy alamatlary hasap etmeseň, dilleriň köpüsi özleriniň gurluşy taýyndan düýpli tapawutlanýar.

Söz ýasalyş dil biliminiň iň çylşyrymly we köp şahaly ulgamyny emele getirýär. Onuň birlikleri dürli kanunalaýyklyklara boýun egýär. Dil bilimi ylmynyň bölümi hökmünde söz ýasalyşyň ösüş döwrüniň başlangyjynda, onuň ornuny dürli-dürli kesgitlenilipdir.

XIX asyrda we XX asyryň birinji çärýeginde emele gelen dil biliminiň däbine görä, söz ýasalyşy grammatika, köplenç morfologiýa degişli edýärler. Dil biliminiň taryhyndan onuň diňe bir morfologiýa bilen däl, eýsem sintaksis bilen baglanyşygyna üns çekilendigini hem bilmek bolýar. Söz ýasalyşyň morfologiýa bilen baglanyşygy häzirki zaman derňewlerde-de aýdylýar. Mysal hökmünde rus diliniň grammatikasyny we türki dillere degişli XX asyryň 90-njy ýyllaryna çenli neşir edilen grammatikalaryň ählisini getirmek bolar. Rus diliniň grammatikasynyň awtorlary “grammatika” diýip, dil biliminiň fonetikadan başlap sintaksisa çenli aralygyna düşünip, söz ýasalyşa we morfemika bagyşlanan bölümi morfologiýanyň öňünden ýerleşdiripdirler.

Taryhda söz ýasalyşyň söz hakyndaky ylym hökmünde etimologiýanyň düzümine goşulan wagty hem bolupdyr. Häzirki döwürde-de käbir dillerde söz ýasalyş leksikologiýanyň bölümi hökmünde öwrenilýär. Söz ýasalyşa şeýle garaýyş tötänleýin däl. Söz hakyndaky ylym hökmünde ol gönüden-göni leksikologiýanyň kanunalaýyklyklary bilen baglanyşyklydyr. Şol bir babatda söz ýasalyş kanunalaýyklaryň berk berjaý edilmegi, olaryň sanynyň leksikologiýa hadysalaryna garanda az bolmagy, diliň grammatik gurluşyna täsir etmegi olary grammatika ýakyn edýär, ýöne söz ýasalyş diňe özüne mahsus bolan aýratynlyga-da eýedir. Söz ýasalyş kanunalaýyklyklary grammatik kanunalaýyklyklardan san hem hil taýdan tapawutlanýarlar. Söz ýasalyş serişdeler giň many (semantik) kategoriýalary beýan edýär-de, predmetler bilen hadysalaryň arasyndaky baglanyşygy öwrenmeýär. Şol bir wagtda-da söz ýasalyş arkaly ýüze çykarylýan semantik kategoriýalar leksikologik kategoriýalara gabat gelmeýär. Olar belli bir gurluşlar bilen bagly bolýarlar we çäkli häsiýete eýedirler.

Söz ýasalyşyň özboluşlylygy eýýäm XX asyrda köp işleriň ýazylmagyna getirýär. Ol işlerde onuň käbir meseleleri beýan edilipdir. Söz ýasalyşyň meselelerine bagyşlanan dürli häsiýetli işler ýazylýar: dissertasiýalar, monografiýalar we okuw gollanmalary we ş.m.

Umuman, häzirki döwürde söz ýasalyş dil biliminiň özbaşdak bölümi hökmünde giňden öwrenilýär. Dünýä dil biliminde onuň şu meseleleri gowy işlenilipdir: sinhron we diahron söz ýasalyşyň tapawudy we biri-birine gatnaşygy, sinhron söz ýasalyşyň dinamikasy; söz ýasalyş derňewiniň usulyýeti. Söz ýasalyşyň dürli ýollary, şeýle-de onuň sintaksise bolan gatnaşygy, söz ýasalyş modelleşdirmeginiň meseleleri, ýasama we goşma sözleriň nominatiw hyzmaty we beýlekiler. Käbir meseleler häzirem jedelli bolup galýar. Olara şular degişlidir: söz ýasalyş usulynda prefiksasiýanyň orny (onuň söz goşulyşa gatnaşygy , söz ýasalyşyň usuly hökmünde özbaşdaklygy: onuň suffiksasiýa bilen bilelikde affiksal söz ýasalyşa gatnaşygy “ýarym affiksasiýanyň ” bolmagy – onuň söz ýasalyşa we affiksasiýa gatnaşygy we söz ýasalyşyň özbaşdak usuly hasaplanmagy; söz ýasalyş manysynyň anyklanmagy , söz ýasalyş paradigmasy , söz ýasalyş zynjyry , söz ýasalyş öýjügi we beýlekiler.

Söz ýasalyşyň dildäki hyzmaty onuň leksikografik berlişi bilen bagly meseleleri hem ýüze çykardy. Söz ýasalyş elementleriniň sözlügini düzmäge ilki bilen german dillerini öwrenýän sowet alymlary synanyşdylar. Söz ýasalyşyň diliň özbaşdak bölümi hökmünde ykrar edilmegi bilen dil biliminde onuň derejelik häsiýeti baradaky, ýagny dil gatlaklaryndaky tutýan ornuny kesgitlemek bilen bagly meseläniň ýüze çykmagyna getirdi. Giňden ýaýran hem köpler tarapyndan kabul edilen nukdaýnazar söz ýasalyşy dereje aralyk ýerde we atlandyrmaga (nominasiýa) gatnaşýandygy üçin ony leksikologiýa degişli etmäge synanyşýarlar. Ýöne häzirki zaman dil biliminde iň köp ýaýran nukdaýnazar söz ýasalyşy özbaşdak leksika bilen grammatikanyň aralygynda ýerleşýän derejeli dil biliminiň bölümi hasaplanmagydyr. Şeýle pikir ilki bilen W.W.Winogradowa degişlidir.

Şeýlelikde, söz ýasalyşyň lingwistikanyň özbaşdak bölüminiň beýleki gatlaklaryndan tapawutlanýan aýratyn gatlagynyň bardygyny ykrar etmek dogrudyr. Ol beýleki gatlaklardan özüne mahsus birlikleri (morfemalar, ulgama degişli däl gurluş elementler we beýlekiler), kategoriýalary (söz ýasalyş tipler, nusgalar, öýjükler, serişdeler, usullar we ş.m.) we ösüş kanunlary bilen tapawutlanýar. Şol bir wagtda-da söz ýasalyşyň leksikologiýa we morfologiýa bilen berk baglanyşygynyň bardygyny, bu bölümleriň arasynda ýerleşýändigini aýratyn bellemek gerek. Dil biliminiň üç bölüminiň hemmesiniň umumy öwrenýän birligi sözdür. Söz bolsa, belli bolşy ýaly, leksik, morfema – söz ýasalyş we grammatik derejeleriniň gurluş-many (leksika-semantik) alamatynyň üznüksiz birligidir. Söz ýasalyş sözüň gurluşyny iki hadysanyň (gatnaşyklaryň tipiniň) suraty (şekili) hökmünde öwrenilýär. Olaryň gurluş usuly meňzeş diýen ýaly, ýöne many hyzmaty dürlüdir.

Mamajan GYLYJOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok