Sanly bilim ulgamy – ösüşlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň kuwwatyny ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu wajyp wezipäniň çözgüdi öňi bilen ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryna daýanýan innowasion ýola geçmegi bilen gös-göni baglanyşyklydyr Bu wajyp wezipäniň çözgüdi öňi bilen ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryna daýanýan innowasion ýola geçmegi bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek, ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, okuw işinde uzak aralykdan berilýän bilimiň täze tehnologiýalaryny ulanmak Konsepsiýanyň esasy wezipeleridir. Şonuň bilen birlikde-de, bu resminama tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatdaky “Adamzat paýhasynyň gazanan iň ajaýyp we möhüm üstünlikleriniň biri hem ylymdyr” diýip aýdan setirlerinde hem ruhubelent, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan iňňän öňdengörüjilikli ynsanperwer täze syýasy we ykdysady ugrunyň ýaşlara oňat bilim bermäge, diýmek, has mynasyp geljegi üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdyň subut edýär. Talyp ýaşlar döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, ata-babalarymyzyň däplerini dowam edip, häzirki bazar ykdysadyýeti şertlerde işlemäge taýýar bolarlar hem-de bütin dünýäde uly abraýa eýe bolan parahat we gülläp ösýän ýurdumyzyň hakyky watançylaryna, täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrüler.

Sanly bilim ulgamy döwrüň talabydyr. «Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar» diýip, Arkadagly Serdarymyz nygtaýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden netijeli peýdalanylmagy esasynda milli bilimiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi berkarar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine, ykdysady taýdan dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmagyna şert döredýär. Bilimli, ukyply, döwrebap tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmekde öňde uly wezipeler durýar. Bu belent hem jogapkärli wezipelere hötde gelmekde döredip berýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys.

Şanazar BEGALYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok