Magtymguly Pyragy – şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy

Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Ol şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy hökmünde tanalýar. Magtymguly Pyragy şygryýet äleminiň çyragydyr. Çyrag diýilmegi onuň şygyrlarynyň ýolumyza nur saçýandygy bilen baglanyşyklydyr. Magtymguly Pyragy ençeme ýyldan bäri türkmen edebiýatynyň ýyldyzy hökmünde tanalyp, ol biziň durmuşymyza nur saçyp dur. Onuň şöhlesi barha ýitileşýär, barha nurlanýar, türkmen halkynyň ruhuny arşa göterýär. Ussadyň ellerindäki galamyndan syzylyp çykan eserler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş dünýä halklarynyň hem söýgüsini gazandy. Türkmen beýik akyldary Magtymguly Pyragy döreden ajaýyp nusgalyk eserleri bilen edebiýat äleminde adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy. Ol türkmen halkynyň aňynda baky galan ägirtdir.

Milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ulyny-kiçini sylamak, ata-enä, aýal-gyzlara hormat goýmak, çaga terbiýesi, ylym-bilimiň derwaýyslygy barada örän baý mazmunly pikirleri tutuş halkyň abadançylygyna, saglygyna, agzybirligine gönükdirilendir. Beýik şahyrymyz türkmen edebiýatynyň taryhynda halk durmuşyny oňat suratlandyrýar, edebiýaty halkyň hyzmatynda goýýar.

Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýar. Şahyryň döredijiliginden her bir meseläniň çözgüdini tapyp bolýar. Akyldar şahyryň goşgularynda adamzat ýaşaýşynyň, durmuşyň ähli tarapy öz beýanyny tapypdyr. Şahyr wagtyňy gaýgy, hasrat bilen geçirmän, wagtyňy hoş geçirmelidigini, ömrüňi peýdaly işlere bagyşlamalydygyny ündeýär. Onuň döredijiligi hakykat çeşmesi bolup, her bir türkmeniň kalbyna ornandyr. Magtymguly Pyragy mertligi, batyrlygy, watançylygy wasp eden şahyr hökmünde kalplarda orun aldy. Munuň özi akyldar şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatynyň uludygyny görkezýär. Onuň şygyrlary döwürdeş we özünden soňky şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edipdir. Bu täsir esasan hem, Zeliliniň, Seýdiniň, Mollanepesiň, Keminäniň, Mätäjiniň döredijiliginde has aýdyň görünýär.

Gündogaryň nusgawy edebiýatyny köp okamagy, köp ýurtlara syýahat etmegi Magtymgulynyň gözýetimini has-da giňeldýär, düşünjesini baýlaşdyrýar. Bu bolsa şahyryň ýiti zehininden we ylym öwrenmäge bolan çäksiz yhlasyndan habar berýär. Şahyry millilik çäklerinden çykaryp, ony umumadamzat şahyryna öwren zat-onuň öz halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsidir, il-günüň ykbalyna baglanan çuňňur paýhasydyr. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny arzuwlan beýik şahyr halkyna ajaýyp şygyrlaryny, tutuş döredijiligini miras galdyrdy.

Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny alandan soň, Magtymgulynyň döredijiliginiň öwrenilmegi üçin giň ýol açyldy. Magtymgulynyň eserleri dolulygyna birnäçe gezek neşir edilip, halka ýetirildi. Halk bilen bir jan-bir tenlik şahyryň beýikliginiň baş alamatydyr. Ýurdumyzda Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatlar geçirilýär. 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk ýubileýi bellenilip geçildi. Häzirki wagtda bolsa akyldar şahyryň 300 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda şol babatda birnäçe işler alnyp barylýar. Goý, bagtyýarlyk döwrimiziň her bir güni Pyragynyň şygyrlary ýaly owadan hem manyly bolsun!

Selbi AMANGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok