Alymlar dünýäde 420 million adamyň diabet keselinden ejir çekýändigini anykladylar

Latyn Amerika ýurtlarynyň saglygy goraýyş guramasynyň (PAHO) we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (WHO) geçiren bilelikdäki gözleglerine laýyklykda, soňky 3 ýylyň dowamynda dünýäde süýji keseli, ýagny diabet bilen kesellän adamlaryň sany 420 milliondan geçendigini anykladylar. Geçenki 3 ýylyň görkezijileri 108 million adamyň bu hassalyk zerarly ejir çekýändigini görkezýär. Latyn Amerika ýurtlaryndaky görkeziji 62 milliona deňdir.

14-nji noýabr–Bütindünýä süýji kesele garşy göreş güni bu görkezijileriň dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmegine itergi berdi.
Bütindünýä diabete garşy göreş güni ilkinji gezek 1991-nji ýylda bellenildi we şol ýyldan bäri her ýyl bellenilip gelinýär. Bu sene Halkara diabet federasiýasy we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (WHO) tarapyndan döredilendir.

Insulini oýlap tapan, Nobel baýragynyň eýesi, lukman Frederik Banting 14-nji noýabrda dünýä indi. Onuň hormatyna süýji kesele garşy göreşmegiň bütindünýä güni bu senede bellenilýär.
Belläp geçsek, bu alym öz döwründe sanjym etmek esasynda diabet keselli ýaş hassany halas etmegi başardy.

Bütindünýä süýji kesele garşy göreş gününiň nyşany sagdyn ýaşaýşy aňladýan gök reňk we dünýäni birleşdirýän asman tegeleginden ybaratdyr.

Süýjüli diabet aşgazanasty mäziniň öndürýän insulin ýetmezçiligi zerarly organizmde döreýän ölüm howply hassalyk hasaplanýar. Bu gormon ganda glýukozanyň mukdaryny kadalaşdyrýar. Bu hassalyk dogry gözegçilik arkaly öňüni alynmadyk ýagdaýynda örän howply hasaplanylýar.

Iki görnüşde ýüze çykýan diabet keseliniň, ilkinjisi duýdansyz ýüze çykmak ýaly alamaty özünde saklaýar. Bu bolsa adam bedeni üçin örän howplydyr. Ikinji görnüşiniň ýüze çykmagynyň aýratynlygy aşa semiz we fiziki taýdan hereketsiz adamlara degişlidir. Dünýädäki hassalaryň 90%-i ikinji görnüşli hassalar hasaplanýar.

Resul TOÝGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok