«Buratino» multfilmi

«Buratinonyň başdan geçirmeleri» atly multfilm «Soýuzmultfilm» studiýasy tarapyndan, tanymal rus ýazyjysy Alekseý Nikolaýewiç Tolstoýyň 1936-njy ýylda çap edilen «Buratinonyň başdan geçirmeleri» atly kitaby esasynda döredildi. Indi bu multfilm 60 ýyldan gowrak wagt bäri ýaýlyma berlip gelinýär.

Buratino Alekseý Nikolaýewiç Tolstoýyň bu meşhur eseriniň başdan aýagyna çenli esasy gahrymany bolup hyzmat edýär. «Buratino» italýan sözi bolup, «agaç gurjagy» diýmegi aňladýar. Dowamlylygy altmyş ýedi minuta barabar bolan «Buratinonyň başdan geçirmeleri» atly multfilm «Soýuzmultfilm» studiýasy tarapyndan 1959-njy ýylyň 31-nji dekabrynda ýaýlyma berildi. Bu bolsa çagalara iň gowy täze ýyl sowgady boldy. Wagtyň geçmegi bilen, multfilm dürli dillere, şol sanda türkmen diline hem terjime edilip, dünýäniň dürli künjeklerinde görkezilýär. Multfilm birnäçe abraýly baýraklara mynasyp boldy. «Buratinonyň başdan geçirmeleri» multfilmi «Soýuzmultfilm» studiýasynyň iň şowly çykan ekran eserleriniň birine öwrüldi.

«Buratino» sözüniň özi hem italýan dilinden terjime edilende «agaç gurjak» diýen manyny berýär. Eseriň esasynda çagalar üçin dürli dillerde köpsanly multfilmler we filmler döredilýär.

Multfilmde beýan edilişi ýaly, Karlo atly agaç ussasy agaçdan oýunjak ýasaýar. Gudrat bilen gurjaga jan girip, ol adaty çagalar ýaly gürläp, hereketlenýär. Karlo kaka özüniň penjegini satyp, oňa harplyk kitabyny satyn alýar we mekdebe ugradýar. Köpçülige aralaşyp, köp zatlary başyndan geçirýär. Multfilmiň biri-birinden tapawutlanýan gahrymanlarynyň hereketleriniň çagalar üçin has-da öwredijilikli häsiýetde bolmagy onuň özboluşly aýratynlygydyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Buratinonyň başdan geçirmeleri» multfilm türkmen dilinde hem ýaýlyma goýberilýär.

Merjen ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok