Mälim bolşy ýaly, tebigy we takyk ylymlaryň hataryna fizika, astronomiýa, himiýa, biologiýa, matematika, informatika ýaly ylymlar degişli edilýär. Bu ylymlaryň arasynda matematika aýratyn orun degişlidir. Belli alym N.I.Lobaçewskiniň aýdyşy ýaly: “Matematika — bu hemme takyk ylymlaryň gürleýän dilidir”. Matematika (grekçe mathema — bilim, ylym) — bu ähli ylymlaryň esasy bolup hyzmat edýär. Zerur hasaplamalary geçirmän fizikany, himiýany, biologiýany we beýleki dersleri öwrenmek asla mümkin däldir. Haýsy ylmy öwrensek hem, haýsy kärde işlesek hem matematikany bilmek zerurdyr. Matematika biziň daşky gurşawymyz: öýde-de, köçede-de matematika bilen ýüzbe-ýüz bolýarys, başgaça aýdanymyzda — matematika durmuşyň özüdir. Hakykatdan hem, matematikanyň dilinde adamlar gündelik gürleýärler, sebäbi ol durmuşyň gysga, takyk we amatly ýazgysydyr. Matematika tertipliligiň we berk logikanyň özenidir.
Matematika hakyndaky pähimlerden:
- Matematika — munuň özi pikirlenmegiň kanunlaryny, geometriki jisim baradaky düşünjeleri ulanmak diýmekdir.
Nikolaý Çernyşewskiý.
- Matematika ýaşlaryň ylmydyr. Başga hili bolup hem bilmez. Matematika bilen meşgul bolmak bu ýaşlygyň göterip biljek akylynyň gimnastikasydyr.
Norbert Winer.
- “Matematika dürli zatlary bir at bilen aýtmagyň sungatydyr” diýip Puankare aýdýar.
Uolter Soýer.
- Matematikanyň ýokary bilim berijilik güýji bar, ol okuwçylaryň akyl ukyplaryny ösdürýär.
Dmitriý Pisarew.
Maksat KAKAJANOW,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta
mekdebiniň matematika mugallymy.
Teswirler