Köneürgenjiň ajaýyp binagärlik sungaty

Türkmenistanyň taryhy ýerlere baý künjekleriniň biri hem gadymy Daşoguz topragydyr. Daşoguz welaýaty ýurdumyzyň gadymy we baý mirasynyň genji-hazynasyny gursagynda saklap oturan ajaýyp mekandyr. Bu ýerdäki häzirki Köneürgenç XI – XIII asyrlarda orta asyryň kuwwatly imperiýasy – Horezmşalar döwletiniň paýtagty bolup, Gündogaryň iň baý we owadan şäherlerinden biri bolupdyr. Bu barada arap syýahatçysy Ibn Batuta şeýle ýazypdyr: “Ürgenç giň köçeleri we köp sanly binalary bolan uly hem owadan şäherdir. Şäherde siriýaly lukmanyň işleýän hassahanasy, Nejmeddin Kubranyň aramgähiniň üstünde gurlan bina bar”. Ylym-bilimiň mesgeni hökmünde tanalýan Köneürgenç­ ajaýyp binagärlik sungaty bilen hem meşhurlyga eýedir.

Gutlug Timuryň minarasy 60 metr beýikligi bilen dünýäde Delidäki Kutub minarasyndan soň ikinji ýerde durýar. 7 metr belentlikde girelgesi bolup, 145 sany töwerekleýin basgançak bilen ýokary çykylýar. Ýylmanak, oňat kerpiçlerden nagyşly örülen aýlawlar belent desganyň bütin durkuny gelşikli edip bölüşdiripdir. Minaranyň depesinde agaç pürsleriň öýjükleri saklanypdyr, onuň üstünde bir wagtlar hemme taraplary açyk bassyrmajyk bolan eken. Şol bassyrmajykda durup, azançy adamlary namaza gelmäge çagyrmak bilen azan aýdýar eken.

Törebeg hanymyň aramgähi özüniň takyk deňagramlylygy bilen binagärlik we mozaika sungatynyň ajaýyp eseri hasaplanýar. Törebeg hanym şazada – Altyn Ordanyň hökümdary Özbek hanyň söýgüli gyzy bolupdyr. Rowaýata görä, Törebeg hanym özüne aşyk bolan Gulgardan ussa onuň üçin dünýäde iň ajaýyp bina gursa, oňa durmuşa çykjakdygyna söz beripdir. Ýöne Gutlug Timur Horezmde häkim bolanda, Törebeg hanym oňa durmuşa çykypdyr. Binagär bolsa hasrata tap getirmän, aramgähiň çür başyndan özüni ýere oklapdyr.

Köneürgençde Kyrkmolla depesiniň günorta-günbatarynda öz döwrüniň ökde diplomaty, ajaýyp serkerdesi bolan Horezmşa Soltan Tekeşiň ady bilen baglanyşdyrylýan ymarat ýerleşýär. Gözelligi babatda oňa Merkezi Aziýada ýeke-täk, gaýtalanmaýan ymarat diýmek bolar. Ol Il Arslanyň ýadygärliginden soňra gadymy Gürgenjiň mongollar gelmezinden öňki binagärçiliginden abat saklanyp galan ikinji bir ajaýyp ýadygärlik hasaplanýar.

Bulardan başga-da Nejmeddin Kubranyň, Pirýar Weliniň hem-de Soltan Alynyň kümmetleriniň binagärlik toplumlary, «Daş metjit» muzeýi, Daşgala ýadygärlikleriniň – «Kerwensaraý girelgesi» binagärlik sungatynyň ajaýyp gymmatlyklaryny döreden halkymyzyň gaýtalanmajak eserleridir.

Nazakat ORUNBAÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow
adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok