Şugundyryň peýdasy

Biziň eýýamymyzdan 2 müň ýyl öň häzirki Eýranyň çäklerinde şugundyry dermanlyk üçinem, iýmit maksatlarynda-da ulanypdyrlar. Ýöne ol döwürler şugundyryň diňe ýapraklaryndan peýdalanylypdyr. Köki iýilýän ösümlik derejesine eýe bolmagy üçin şugundyra müň ýyldan gowrak wagt gerek bolupdyr. Biziň eýýamymyzdan bir müň ýyl öň finikiýaly söwdagärler Gadymy Gresiýa şugundyr eltipdirler. Şugundyr ol ýerde derrew özleşip, tutuş Ýewropa ýaýrapdyr. Onuň ilki «eýelän» ýurdy Gadymy Rim bolýar. Bellemeli zat, Ýewropa ilki bolup biziň iýýänimiz ýaly köki miweli şugundyr däl-de, onuň ýapragy iýilýän görnüşi aralaşýar.

Şugundyr — çigligine iýilmeýär. Ýöne sagdyn iýmitlenmäge endik eden adamlar çig şugundyry käşir ýa-da alma bilen bilelikde gyrgyçdan geçirip iýmegi halaýarlar. Bu önümiň ter görnüşinde B toparly witaminler bar. Şonuň üçin ol maddalaryň alyş-çalşygyny işjeňleşdirýär. Çig şugundyr aşgazany agyryly adamlar üçin zyýanlydyr. Peýdaly maddalaryny ýitirmesin diýseňiz, şugundyry gabygy bilen gaýnadyp, pitiniň gapagyny ýapmagy hem unutmaly däldir. Şugundyr gaýnadylanda peýdaly maddalar ýeňil siňýär. Üstesine, bu önüm güýçli iç sürüji täsire eýedir. Semiz adamlara gaýnadylan şugundyr iýmek maslahat berilýär.

Häzirki zaman lukmançylygy hem şugundyryň dermanlyk häsiýetlerine uly baha berýär. Şugundyr adam bedenini fosfor, kalsiý, magniý, natriý, ýod we hlor bilen üpjün etmek boýunça ösümlikleriň arasynda ilkinji orunlaryň birini eýeleýär.

Şugundyr Gippokratyň iň söýgüli gök önümleriniň biri bolupdyr. Ol dürli dertlerde, ilkinji nobatda,

Damarlar gysylanda
• Ganazlykda
• Bagyr, böwrek, öt näsazlyklarynda
• Iýmit siňmesiniň sazlaşygy bozulanda şugundyr iýmegi maslahat beripdir.

Aýgül ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
koreý dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok