Çaga terbiýesi

Ata-eneler çagalarynyň janynyň sag, akylly, terbiýeli, zähmetsöýer, Watanyna wepaly bolup ýetişmeklerini isleýärler. Munuň üçin, ilki bilen, ata-eneleriň özleriniň janlarynyň sag, dogruçyl, tutanýerli, janypkeş, mähirli, talapkär, ruhy dünýäleriniň baý bolmagy zerur. Olar öz çagalaryna hemmetaraplaýyn görelde bolýarlar.

Türkmen halkynda çaga edebine has inçelik bilen üns berilýär. Gadymy ýazuw çeşmelerini yzarlasak, çagany doglan gününden däl-de, heniz ene göwresindekä terbiýeläp başlamagyň halkymyza mahsusdygyna magat göz ýetirýäris. Çaga diňe bir ene mähri, ene arzuwy bilen däl, eýsem, maşgalanyň ähli agzalarynyň hossarlyk aladasy bilen gurşalyp alynýar.

Çaga terbiýelemekde ata-eneleriň goýberýän ýalňyşlyklary köplenç birmeňzeş bolýar. Çaga: «Eýtme, beýtme!» diýlip, zerur bolsa-bolmasa, oňa köp zatlary gadagan edýärler, çäklendirýärler. Köplenç hem, çaganyň nädogry hereketlerine biperwaý garalyp, «Aý çagadyr-da» diýip, onuň hemme ýalňyşlaryny bagyşlaýarlar.

Ogluny «döwletiň başy», gyzyny «göwnüniň hoşy» diýip söýgüleýän türkmen halky nesil terbiýesine çuňňur hem-de köptaraplaýyn çemeleşýär. Halkymyzyň: «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýmesi ýönelige däldir. Maşgala bag bolsa, perzent şol bagyň güli, miwesi. Ata-ene bolsa ösüp barýan bagyň bagbanlarydyr. Hawa, edepli perzent diňe bir maşgala däl, eýsem, il-güne ýalkym saçýan şugla ýalydyr. Pederlerimiziň aýdyşy ýaly, ata-enelik hukugyny gazanmak üçin diňe bir perzent ösdürip ýetişdirmegiň özi ýeterlik bolman, olara asylly görüm-görelde, terbiýe bermek hem hökmandyr.

Aýgül ÇARYÝEWA,

Daşoguz şäheriniň 18-nji çagalar
bagynyň terbiýeçisi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok