Bägüller – söýginiň nyşany

Adam göwni mydama gülleriň gözelligine maýyldyr. Şonuň üçin hem güller biziň durmuşymyzda uly orun alýar. Ähli döwürlerde-de adamlar gülleri näzik duýgularyny beýan etmekde ulanypdyrlar. Her gülüň, onuň reňkiniň aňladýan manysy bolupdyr. Gyzyl bägül söýginiň nyşany bolsa, myhaklar hormaty aňladypdyr. Çopantelpek şatlygy aňlatsa, çigildem salyhatlylygyň, nerkes öwünjeňleriň, men-menleriň güli bolupdyr.

Bägüller köp ýyllardan bäri ekilip, diňe bir ajaýyp gözelligi bilen bagy-bossanlygy bezemän, eýsem, janyňa hoş ýakýan ysy bilen hem özüne melul edipdir. Pars dilinden terjime edilende, «bägül» sözi «ruh» diýmegi aňladýar. Aslynda, bägülüň mekany Pars döwleti hasaplanýar. Eýran şahyrlary öz döredijiliginde bu ýurdy «Gülüstan», ýagny «gülzarlyk» diýip atlandyrypdyrlar. Beýik soltanlaryň köşkleri, äpet derwezeler, metjit-medreseler, altyn-kümüşden ýasalan gap-gaçlar, küýzeler, haly we palas önümleri, Müsür faraonlarynyň mazarlary bägülüň gül-gunçalary, gül ýapraklary bilen bezelipdir.

Alymlaryň tassyklamagyna görä, bir düýp bägül üç düýp bagyň ornuny tutup, howany şonça mukdarda arassalaýar. Ol öz ösüp oturan ýeriniň daş-töweregini, topragyny arassalamaga, tämizlemäge ýardam etmek bilen, adam saglygy üçin hem deňsiz-taýsyz dermandyr.

Türkmençilikde «gül ýaly owadan», «gülläp ösüş», «gül roý, gül kamat», «çagadan gülüň ysy gelýär», «gülden näzik göwün», «ýagdaýym gül ýaly» diýen jümleler, «durmuşyň gül ýaly bolsun!» diýen ýaly arzuwlar ulanylyp, adamzat durmuşynda gülüň ähmiýetiniň uludygy, onuň diňe gowulyk hem-de gözellik bilen baglanyşykly manysynyň bardygyny görmek bolýar.

Dürli ANNAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
türk dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok