Öýde we iş ýerinde kagyz önümlerini tygşytly peýdalanmak üçin maslahatlar

  1. Kagyz böleklerini zibile taşlaman, olary gaýtadan peýdalanmagyň ýollaryny gözläň. Meselem, bezeg üçin ulanylýan kagyz gaplary ýa-da kagyzdan taýýarlanan torbajyklary birnäçe gezek peýdalanyp bolýar.
  2. Ulanylan kagyz ýapragynyň arka tarapyny hem bellik etmek, ýazgy ýazmak üçin peýdalanyp bolar.
  3. Telefon belgilerini ýa-da ýatda saklamaly beýleki zatlary bellik etmek üçin telefonuňyzdaky ýörite goşundylary peýdalanyň.
  4. Önümçiliginde agaç peýdalanylmadyk kagyz önümlerini satyn alyň. Pagtadan taýýarlanylýan kagyzyň bahasy adaty kagyzyňkydan galarak bolup biler. Emma onuň hili ýokary, daşky gurşawa zyýany bolsa azdyr.
  5. Mümkin bolan halatynda täze agaçlardan däl-de, ozal ulanylan kagyz önümlerini gaýtadan işlemek arkaly taýýarlanylan kagyzy satyn alyň.
  6. Maliýe hasaplaşyklarynda peýdalanylýan çekleriň kagyzlaryny taýýarlamak üçin adaty kagyzlara garanyňda has köp serişde sarp edilýär. Üstesine-de, şeýle kagyzy gaýtadan işläp bolmaýar. Häzirki döwürde giňden ýaýran onlaýn-bank hyzmatlary islendik maliýe amallary üçin hasaplaşyklar baradaky maglumatlaryň telefonyňyza gelmegini üpjün edýär. Şonuň üçinem, hasaplaşyklarda kagyz çekleri çykartmaň.
  7. Elektron kitaplary we neşirleri okaň. Olar serişdeleriňizi hem-de öýüňizdäki giňişligi tygşytlamaga mümkinçilik berer. Göwrümi uly bolmadyk maglumat göterijilere tutuş elektron kitaphanany ýerleşdirip bolýar. Kagyz kitaplaryň muşdaklary bolsa kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.
  8. Mümkin bolan ýagdaýlarda resminamalaryň kagyza çap edilen görnüşlerine derek, olaryň elektron nusgalaryny peýdalanyň.
  9. Öýüňizde ýa-da iş ýeriňizde ulanylan kagyz böleklerini zibile taşlamaga derek, olaryň gaýtadan işläp bolýan görnüşlerini bir ýere jemläň. Şunlukda, toplan kagyz bölekleriňizi gaýtadan işleýän kärhanalara tabşyrmak bilen, hem goşmaça girdeji gazanyp, hemem tebigaty goramaga goşant goşup bilersiňiz.

Baýram OTUZOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
ýapon dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok