Pakistanyň ruhy atasy

Allama Muhammet Ykbal – XIX — XX asyrlaryň sepgidinde ýaşap geçen meşhur akyldarlaryň biridir. Ol gündogaryň baý ylmy, ruhy, edebi we medeni mirasyny doly özleşdiren we günbataryň okuw, bilim mekdeplerinden hem tejribe toplan görnükli alymdyr. Edebiýat meýdanynda yz galdyran Muhammet Ykbaly ýatlamak, onuň edebi mekdebi, özboluşly döredijiligi bilen tanyşmak, okyjylary kitaplary bilen tanyşdyrmak ýaly işler dünýä derejesinde alnyp barylýar.

Şahyr özüniň gymmatly taglymatlaryny goşgy setirlerinde çeper beýan etmegi başarypdyr. Onuň bu başarnygy ýaşlygyndan şygyr döredip, şahyrlaryň mejlislerine gatnaşandygynyň bir subutnamasydyr. Şahyryň ýokary ussatlyk derejesine ýetmeginde onuň halypalarynyň çäksiz zähmetleri bardyr. Ol heniz otuz ýaşamanka şahyrlyk mertebesine eýe bolupdyr. Onuň goşgulary watançylyk, ahlak-terbiýe, sopuçylyk, pelsepewi äheňinde bolup, dürli ýerlerde çap edilipdir.

Allama Ykbalyň eserleri diňe Pakistanda we Hindistanda meşhur bolmak bilen çäklenmän, Owganystan, Eýran, Arap we Pereň dünýäsine baryp ýetip, urdu, pars, iňlis dillerinde neşir edilipdir. Şahyryň esasy ussatlygy we seýrek zehini özüniň düşnükli dili we pelsepewi pikirleri bilen adamlara ömrüň manysyny gözlemäge kömek etmekden, öz watanyny söýmekden durýar. Şahyryň şeýle seýrek zehini bolup, onuň döredijiligi çuň adamkärçilik pikirlerine ýugrulandyr. Ol öz eserleriniň wakalaryny durmuşdan alyp, halkyň gündelik durmuşyny şahyrana beýan edýär.

Muhammet Ykbalyň pars dilinde ýazylan şygyrlar diwanynda gazallar, mesnewiler gabat gelýär. Diwanda ynsan durmuşy bilen baglanyşykly dürli meseleler şahyranalyk bilen beýan edilýär. Ynsanperwerlik bolsa bu ýygyndynyň özenini düzýär.

Ikbalbek ATAJANOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
türkmen dili we edebiýaty
hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok