«Akrap geler sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp»

Ata-babalarymyzyň ulanan milli senenamasy boýunça akrap döwri 23-nji oktýabrdan başlanyp, 22-nji noýabra çenli dowam edýär. Mizan döwrüniň ugradylyp, akrabyň garşy alynýan döwründe howada birnäçe üýtgeşmeler bolup geçýär. Mundan sähelçe wagt ozal hem «Ýaz gaýtadan gelip, goşa ýaz bolaýjakmyka?» diýdiren howa birden sowap ugraýar. Guşlar topbak-topbak bolup, demirgazykdan gündogara tarap uçup başlaýarlar. Ine, şeýdip hem olar adamlara sowuk günleriň ýetip gelýändigini ilkinji bolup duýdurýarlar.

Ýurdumyzyň çägine demirgazyk-günbatar tarapdan sowuk howa akymlary aralaşyp, güýz ýagyşlary ýagyp başlaýar. Akrapda ilkinji garyň ýagýan wagtlaram seýrek bolmaýar, ýöne ol çalt ereýär.

Il içinde akrap bilen baglanyşykly aýdylan ýörgünli sözler bar:

«Mizanda duýdyryn, akrapda akdyryn…».
«Mizanda urmasam, hazanda uraryn».

Bu gadymy aýtgylarda akrap döwründe oba hojalyk ekinlerini sowuk urýandygy nygtalýar. Akrap maýyl gelende, ekin-dikini giç sowuk urýandygy hem agzalyp geçilýär.

Gyşyň öň ýanyndaky döwür hasaplanýan bu döwürde daýhanlaryň, maljanly adamlaryň aladalary artýar. «Bahardaky hereket — güýzki bereket» diýlişi ýaly, ýylboýy azap çekilip ýetişdirilen hasyly çalt ýygnamaly bolýar. Akrabyň gelendiginiň buşlukçylarynyň biri hem göçýän guşlardyr. «Durna geçdi, duluňy ýap, gaz geçdi — gapyňy!» diýilmegi sowuk howanyň golaýlaşýandygyndan habar berýär.

Ogulşat ANNABERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
ýapon dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok