Ýertudana — lezzetli miwe

Ýertudana adam bedeni üçin iň peýdaly miweleriň biridir. Ol dartgynly ýagdaýlarda köşeşmäge, immunitet gowşan wagty ony dikeltmäge, gan aýlanyşygy gowulandyrmaga ýardam edýär. Onuň tagamy hiç kimi biparh goýmaýar.

Ýertudanasy bägüller maşgalasyna degişli bolan köpýyllyk ösümlik bolup onuň ilkinji medeniýetleşdirilen görnüşleri XV asyrda peýda bolupdyr. Soňlugy bilen, XVIII asyryň başlarynda iri miweli görnüşleri ýaýrapdyr. Häzirki döwürde dünýäde ýertudanasynyň 30-dan gowrak görnüşi bar. Ýertudananyň düzüminde köp sanly biologik işjeň maddalar, dürli ýokumlar bar. Ony aprel-sentýabr, şeýle-de, oktýabr aýlarynda ekmek bolýar. Bu iýmiş maý we iýun aýlarynda gowy ýetişýär.

Ýertudana diňe bir süýji iýmit bolman, eýsem, tebigatyň döreden ajaýyp dermanlarynyň hem biri hasaplanylýar. Onuň düzüminde köp mukdarda şeker, foliý turşusy, karotin, pektin, demir, kobalt, kalsiý, fosfor, marganes, uglewodlar we baý witaminler toplumy saklanýar. Bu bolsa ony ýürek, böwrek, aşgazan, deri keselleri, ganazlyk ýaly dürli keselleri bejermekde örän täsirli dermanlyk serişde hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýertudana galkan görnüşli mäz bilen baglanyşykly näsazlyklarda hem peýdalydyr. Çünki onuň mikroblara garşy işjeňlik häsiýeti bar.

Ýertudana lukmançylykda we gözellik serişdelerini taýýarlamakda hem giňden ulanylýar. Halk lukmançylygynda ýertudananyň guradylan iýmişi we ýapraklary ulanylypdyr. Onuň iýmişinden we ýapraklaryndan taýýarlanylan gaýnatma agyz boşlugynyň we bokurdagyň sowuklamasynda ulanylypdyr. Şeýle-de, bu iýmiş dürli sowuklama keselleriniň öňüni alyjy serişde hökmünde-de ulanylýar. Kosmetologiýada ýertudananyň iýmişi deriniň ýagdaýyny gowulandyryjy, terlediji serişde hökmünde peýdalanylýar. Bu iýmişden taýýarlanylýan ýapgylar ýüzdäki sowuklamany, menekleri aýyrmakda peýdalydyr. Emma ýertudana örän güýçli allergen bolup durýar, şonuň üçin ony örän ätiýaçly ulanmalydyr.

Şirin HUDAÝNAZAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
türkmen dili we edebiýaty
hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok