Häzirki wagta çenli ähmiýetini ýitirmän gelen oýnawaçlaryň biri slinkilerdir. Oýnawajyň adaty pružinden o diýen tapawudy ýok. Ol diňe howpsuz bolmagy üçin plastmassadan ýasalypdyr we iki tarapyna gapajyk goýlupdyr. Şeýle ýönekeý hem bolsa, bu oýunjak çagalaryň iň halaýan güýmenjeleriniň biridir. Eýsem, bu oýunjak nähili döräpdir?! Geliň, bu baradaky hekaýaty öwreneliň!
1943-nji ýylda Riçard Jeýms atly amerikan deňizçi-inženeri pružinler bilen tejribe geçirip görüpdir. Synag geçirýän wagty pružinleriň biri elinden gaçyp, ýerde hereket etmegini dowam etdiripdir. Bu ýagdaý Riçardy haýran galdyrypdyr. Agşam öýüne gaýdanda hälki pružini ýany bilen alyp gaýdypdyr we maşgala agzalaryna pružiniň täsin hereketi barada gürrüň beripdir. Maşgala agzalary bilen maslahatlaşyp, pružini kämilleşdirip, oýunjak ýasap boljakdygy barada netijä gelipdirler. Netijede, inžener birnäçe synanyşykdan soňra 98 aýlawly, 6,5 santimetrlik oýnawajy — slinkini ýasapdyr. 1945-nji ýylda bolsa bu ýaýjagazlardan 400-sini jemläp, Pensilwaniýadaky dükanda satuwa çykarypdyrlar. Oýunjaklar iki sagadyň dowamynda satylyp gutarylypdyr. Şol döwürler bu täsin oýunjak barada gazet-žurnallarda habarlar peýda bolupdyr.
Soňky ýyllarda bu oýunjagyň köpçülikleýin önümçiligi ýola goýlupdyr. Top, gurjak, ýumşak oýunjaklar, welosiped we beýleki birnäçe oýunjaklar ýaly slinkiler hem çagalaryň häzire çenli iň halaýan güýmenjeleriniň biridir. Näçe ýyl geçen hem bolsa, bu oýunjagyň durky o diýen üýtgemändir.
Hojamämmet KERIMOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler