Sanly tehnologiýalar durmuşymyzda

Innowasion tehnologiýalaryň ösýän we kämilleşýän döwründe akylly öýler, şäherler we ýene-de ençeme durmuş zerurlyklary haýran galdyrýar. Akylly enjamlaryň ýerine ýetirýän hyzmatyndan peýdalanmak bolsa wagtyňy tygşytly ulanmaga ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň sanly bilimi, sanly aragatnaşygy, sanly hyzmatlary ösdürmek barada berýän tabşyryklarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy internet torundan peýdalanyjylar üçin täze mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda internet döwrebap ösüşiň aýrylmaz bölegi, ykdysady amallaryň, aragatnaşygyň has tiz hem netijeli guraly hökmünde çykyş edýär. Internet arkaly ýola goýulýan gatnaşyklarda emele gelýän dil adaty sözleýişden gysgalygy ýa-da belli bir aňlatmalar, şekiller, suratlar arkaly beýan edilmegi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa internet ulanyjylaryň bilim, etika derejesiniň ýokary bolmagyny, sanly gurşawda özüňi alyp baryş medeniýetiniň kadalarynyň berjaý edilmegini talap edýär.

Türkmenistanda sanly giňişlikde guralýan webinar duşuşyklaryň, onlaýn usuldaky halkara maslahatlardyr teleköpri arkaly geçirilýän okuwlaryň, elektron hatlar esasyndaky aragatnaşygyň netijeli häsiýete eýe bolmagy bu ugurdaky göz öňünde tutulan maksatlaryň üstünlikli amala aşýandygyny görkezýär. Internet ulgamynda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýdarlar jemgyýetleriniň we telekeçileriň web-saýtlary, elektron gazetler, maglumat beriji web-sahypalar işjeň hereket edýär. Sanly giňişlikde ýerine ýetirilýän bu amallar elektron görnüşde bolsa-da, hereketiň bir tarapynda şahsyýetiň gatnaşygy bar. Şonuň üçin internet ulanyjylaryň sanly aragatnaşyga jemgyýetçilik gatnaşygy hökmünde seredip, sözleýiş, beýan ediş endiklerini etikanyň, aýratyn-da, milli medeniýetimiziň, edep kadalarymyzyň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmegi zerurdyr.

XXI asyrda bütindünýä internet tory arkaly maglumat tehnologiýalarynyň ösüşi we giňden ýaýramagy jemgyýetde adamlaryň aragatnaşygyny täze derejä çykardy. Işewür gatnaşyklaryň, hatda adamlaryň öz arasyndaky gündelik aragatnaşygynyň hem aglaba böleginiň wirtual giňişlikde amala aşyrylmaga başlanmagy bilen, jemgyýetde «sanly medeniýet» düşünjesi ýüze çykyp ugrady. Biz, öz gezegimizde, sanly aragatnaşygyň ähli ugurlary boýunça internet ulanyjylar hökmünde ýaş nesliň milli ýörelgelerimize, dil medeniýetimize hormat goýýan şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmaga çalyşmalydyrys.

Aýbölek TOÝLYÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň Telekommunikasiýalar
fakultetiniň Köpkanally telekommunikasiýa
ulgamlary hünäriniň 1-nji talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok