Güýz paslynyň syrly gözelligi

Güýz pasly ýylyň  iň  syrly wagtydyr. Ol mylaýym şemaly bilen duýdansyz  gelýär. Güýz  paslynyň   başlanmagy  bilen hemme  zat  hakykatdanam  syrly  bolýar. Ýylyň  bu  wagty,  edil  suratkeşler  ýaly  tebigat  özüniň  owadan  reňkleri  bilen  bürenýär. Günüň  tylla şöhlesiniň  kütelip, oňa  derek  tylla  reňkli  ýapraklaryň  öwüşgininiň  barha  ýitelýän  döwri  güýz  paslynyň  ajaýyp  keşbidir.

Islendik  döredijilik  adamsy  tebigatdan  ylham  alýar. Şahyrlar, aýdymçylar, kompozitorlar, suratkeşler we beýleki  ynsanlar  asuda  ýurdumyzda  yhlas  bilen  erkana  işläp , ajaýyp  zatlary  döredip, öz  ýaşaýan  durmuşyndan  lezzet  alýarlar.

Güýz  paslyny  ýatlanyňda  ilkinji  bolup  Türkmenistanyň  halk  ýazyjysy  Gurbannazar  Ezizowyň  goşgulary  ýadyňa  düşýär. Onuň tebigat  baradaky eserleriniň  içinde altyn güýz  hakyndaky goşgular özbaşyna, aýratyn saýlanyp  dur. Şahyr ,,Güýz’’ atly  goşgusynda  şeýle  belleýär:

Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak.
Ýaprak saralanda durlanýar pikir.
Ýatlaýan geçeni öňküden köpräk,
Hem diýýän: ,,Oňatlyk, Hudaýa şükür!’’

Ýylyň-ýylyna  tirkeşip  gelýän  dört  paslyň  her  haýsysynyň  özüne  mahsus  ajaýyp  gözelligi  bar. Her gülüň öz ysynyň  deň  bolmaýşy  ýaly pasyllar  hem  özüniň  gözelligi  bilen aklyňy  haýrana  goýýar, ýürekleri  joşdurýar. Pasyllaryň   arasynda   güýz  pasly  bereketli   pasyllaryň  biridir. Bu döwürde  baglaryň  şahalaryna  görk  beren  ýaşyl  ýapraklar  saralyp  ýere  düşýär. Ol sarylyk ýöne  bir sary  bolman, eýsem, owadan, ýumşak hem  agras  sarydyr. Ol sarylykda ähli pasyllaryň  reňki  bar. Güýz  pasly  sungat  adamlarynyň  ýüreklerine  ylham  berýän  pasyldyr. Türkmen  tebigatynyň  ähli  pasyllary hem  owadan, sahawatly, sazlaşykly. Ýöne  altyn  güýzüň  gelşi başgaça  bolýar. Danalygyň, arassalygyň  öwüşgininde gelýän  güýz  paslyny wasp  etmedik  şahyr azdyr. Güýz  biziň  gözümize  işeňňirligiň  pasly ýaly  hem  görünýär. Şeýle-de  bu  pasyl  hasylyňy  ýygnamagyň  iň  amatly  döwri  bolup  durýar. Muny  Kerim  Gurbannepesowyň  şu  setirlerinde hem  görmek  bolýar:

Miwe  ýetişdimi ýygna  güýz  wagty.

Güýz paslynda  açyk  asmanda ganat  gerip  hatar  bolup  uçýan  durnalar şahyrana  adam  ömrüniň  dowamlylygyny  ýatlatsa, ýagýan yzygider ýagyşlar  çuňňur  oýlara  batmagyňa  sebäp  bolýar. Belki, şonuň  üçindir, halkymyzda adam  ömrüniň orta  ýaşdan geçen döwri güýz  bilen  deňeşdirilýär. Adam  orta ýaşdan geçenden  soň, ömründe  eden işleri, bitiren hyzmatlary, ýetişmedik  maksatlary barada oýlananyny duýman galýar. Şulardan hem görnüşi  ýaly, güýz – duýgularyň pasly. Onda tebigat hem-de özüň  barada  köp  sanly  gyzykly  zatlary  bilmek  bolýar. Güýz  bagtly  bolmagyň  möwsümidir. Şeýle  ajaýyp  döwrümizde güýzi  garşylamak biziň  hemmämiz  üçin ýakymly  bolsa  gerek. Ýeneki  güýzlere  agzybirlikde  sag-salamat  ýetmek  nesip  etsin!

Aýjahan  NARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok