Gündogar edebiýatynda pähim-paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan eserleri bilen öçmez yz galdyran Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bilen dünýä edebiýatynda, megerem, gyzyklanmaýan ýok bolsa gerek. Çünki öz döwründe türkmen adyny arşa çykaran akyldar, dana şahyryň döredijiligi häzirki wagtda hem onda gozgalýan meseleleriň derwaýyslygy, wajyplygy, ähli döwürlere degişliligi bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, dünýäniň okyjylary, edebiýat muşdaklary Magtymgulyny ähli döwürleriň şahyry hasaplaýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belläp geçişi ýaly, Magtymguly Pyragy öz şygyrlary bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren akyldar şahyrdyr. Golýazmalary ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly sanawyna giren şahyryň şygyrlarynyň umumadamzat paýhasynyň genji-hazynasynyň hatarynda mertebeli orna eýe bolmagy ähli halkymyz bilen birlikde, biz, kitaphanaçylary hem diýseň begendirdi. Magtymguly atamyzyň şygyrlary durmuşda iň ýakyn maslahatçy saýylýar. Halkymyzyň ruhuny baýlaşdyrmakda, watansöýüji nesilleri ýetişdirmekde şahyryň şygyrlary ägirt uly ähmiýete eýedir.
«Dünýäniň hakydasy» maksatnamasy 1992-nji ýylda ÝUNESKO tarapyndan döredilip, bu maksatnama dünýä ýurtlarynyň hem-de halklarynyň gadymy ýazuw ýadygärliklerini — kagyz ýüzünde bolşy ýaly, ses ýazgysynda, sanly ulgamda we beýleki görnüşde ägirt uly gymmatlygy bolan resminamalar toplumyny gorap saklamak bilen birlikde medeni mirasy giň okyjylar toplumyna hödürlemegi maksat edinýär. Munuň özi geljek ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy uly dabara bilen belleniljek akyldar şahyrymyza, onuň ölmez-ýitmez eserlerine hem-de türkmen halkynyň geçmişine, şu gününe, geljegine goýulýan beýik sarpadan nyşandyr.
Şeýle taryhy çözgütler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýanyň, şol sanda görnükli nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan gymmatly mirasyny saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Aýgül GURBANGELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Uzak gündogar dilleri kafedrasynyň
ýapon dili mugallymy.
Teswirler