Gulagy näçe ýaşda deşmeli?

Halkymyzda irki döwürlerden bäri gyzjagazlar üç-bäş ýaşyndaka, käbir ýerlerde bolsa çaga bir ýaşynyň içindekä gulak deşdirmek däbi berjaý edilipdir. Bu dabaraly däp, esasan-da, bahar gelip, ilkinji garlawaçlar görnüp başlanda tutulypdyr. Gulak deşmek işi eli ezber enelere ynanylypdyr. Halk arasynda olara «Sümen» ýa-da «Sümen daýza» diýlipdir. Sümen daýza täzeje iňňä işilen saryja sapak geçirip, ony şerebä ýatyryp zyýansyzlandyransoň, gyzjagazyň gulagyny şol iňňe bilen deşipdir. Sapajyk çaganyň gulagynda ýarasy bitýänçä saklanyp, soňundan onuň ýerine altyn ýa-da kümüş gulakhalka dakylypdyr.

Gulagy näçe ýaşda deşmelidigi barada lukmanlarda belli bir görkezme ýok. Mysal üçin aýdanymyzda, hatda Kubada gyzjagazyň gulagyny çaga dünýä inenden, ýagny çaga dogrulýan öýde ýa-da ilkinji bir aýyň dowamynda deşýärler. Bu meselä dürli ýurtlarda dürli çemeleşilýändigini ýa-da her kimiň özüçe çemeleşýändigini bellemek mümkin.

Eger-de gyzjagaz ýiti ýokanç keseli bilen näsaglan, immun taýdan gowşak bolsa, onuň gulagyny deşmegi soňa goýmaly. Gan, deri, psihiki kesellere ýolugan gyzlaryň gulagyny deşmeklik lukmanlaryň ýörite barlagynyň netijesi esasynda ýerine ýetirilmeli.

Züleýha SUHANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok