Milli gymmatlygymyzyň biri bolan türkmen tazysy akylly, düşbi, hüşgär, boýny dik, kellesi süýri, gözleri uly we ýiti bolýar. Olar berk beden gurluşly, aýaklary uzyn, ýere basyşy sagdyn, tumşugy inçeden uzyn, bedeni syrdam bolan aw it tohumydyr.
Ata-babalarymyz birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda ýyndam türkmen tazylaryny ösdürip ýetişdirmekde, awa salmakda baý tejribeleri toplapdyrlar. Tazylara ýaşlygyndan eýesiniň saçagyndaky azyk-iýmitlere, owlak-guzulara degmezligi öwretmek milli tejribeleriň esasylarynyň biridir. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän Garagum sähramyzyň çägelik-çöllük şertlerinde, dowardarçylykda owlak-guzy möwsüminde ýazlaga çykylanda, howanyň maýyl wagtlary çopanlaryň öz tazylaryny ýanlaryna almagy aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmen tazylarynyň dowar sürüsiniň goragynda gezip ýören türkmen alabaýlary bilen oňşukly gezýändigini we sürä golaýlaşýan nätanyşlary, meýdan itini ýa-da beýlekileri tiz aňşyrýandygyny hem-de üýrüp, wagtynda duýdurýandygyny tejribeli çopanlar belleýärler.
Tazy aw wagtynda ortaça 60-65 kilometr ýol geçýär. Ýöne, awda taza ýyndamlyk bilen bilelikde, iň zerur häsiýetleriň biri bolan tebigy aňyň kömek edýändigini mürüşgärler we awçylar belleýärler. Eger-de towşan depeden aşyp, tazynyň gözünden ýitse, onda tazy tebigy aňyna daýanyp, ýokarda uçup barýan elguşuň hereketinden towşanyň haýsy tarapa gaçandygyny bilýär. Elguş towşanyň gizlenmäge ýetişen ýeriniň ýokarsynda pelpelläp başlaýar. Şeýle bolanda, kähalatda uzak gün ylgap ýadan tazy elguşa kömege barmaga howlukmaýar. Şonda elguş ýokardan dik aşak inip, tazynyň ýeňsesinden uraýjak-uraýjak bolup, ýene asmana göterilýär. Şeýdip, elguş tazyny howlukmaga mejbur edýär.
Halkymyzyň awçylyk däbinde tilkilerdir şagallary we şuňa meňzeş haýwanlary tutmakda tazynyň ulanylýan halatlary az däl. Laçyn we tazy bilen aw awlamak däbi köp wagtyň geçmegi bilen tejribe edilen we awuň häzirki zaman kadalaryna laýyk gelýän halk sungatydyr.
Leýla ABDULLAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler