Deňiz ýylany

Deňiz ýylanynyň özüne mahsus tebigaty bardyr. Olar zäherliligi boýunça hem gury ýerdäki ýylanlardan tapawutlanýar. Deňiz ýylanlarynyň uzynlygy takmynan 1,2-1,4 metre ýetýär. Käbir görnüşleriniň uzynlygy bolsa 2,5 metre çenli ýetýär. Adatça olaryň urkaçysy erkeginden uzyn bolýar. Deňiz ýylanlarynyň agramy iýmitlenişine , ýaşaýyş şertlerine baglylykda üýtgeýär. Esasy mesgen tutup ýaşaýan ýerleri Hindi we Ýuwaş ummanlarynyň tropiki deňizýaka töwerekleridir. Olar köplenç gury ýerden 50-60 km uzaklykda hereket edýärler.

Anatomiýasy boýunça gury ýer ýylanlaryndan düýpgöter tapawutlanýarlar. Bu ýagdaýda ilkinji göze ilýän zat ähli deňiz ýylanlaryna mahsus bolan guýrugy gapdalyndan tekizlenmegidir. Deňiz ýylanlarynyň sag öýkeni ep-esli uly bolýar we onuň uzynlygy guýrugyna çenli ýetýär. Olar öýken dem alşyndan başga-da, agyz boşlugyndaky ösüntgileri ulanyp, suwdaky erkin kislorody siňdirýän özbaşdak bir ukyby bar.

Deňiz ýylanlarynyň köpüsi balyklar bilen iýmitlenýärler. Olary tutuşlygyna diýen ýaly ýuwudýarlar. Olar ilki bilen zäherli dişleri bilen öz awyny öldürýärler. Balyklar ýyly ganly haýwanlara seredende ýylanyň zäherine az duýgur bolýarlar. Şonda-da gysga wagtyň içinde ýylanyň zäheriniň täsiri astynda olar ölýärler. Diýmek suw ýylanynyň zäheriniň beýlekilere görä has ýitidigini aňladýar. Güýçli zäheriniň bardygyna garamazdan deňiz ýylanlary adamlar üçin howpsuzdyr. Olar diňe adamlar tarapyndan zyýan çeken halatynda ýiti zäheri bilen olaryň üstüne topulýarlar. Dünýäde iň zäherli deňiz ýylany “Aipysurur Duboisii” hasaplanýar. Onuň zäherinden lukmançylykda gymmat bahaly dermanlar taýýarlanylýar.

Döwlet DAŞKYNOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok