Mekgejöwen ýüz ýyl mundan ozal iň ekzotik önümleriň biri bolupdyr, şeýle-de bolsa häzirki wagtda ol giňden ýaýrandyr. Taryhçylaryň bellemegine görä, mekgejöwen gadymy hindilerde mukaddes önüm hasaplanypdyr. Mekge ýa-da mekgejöwen gadymy Meksikanyň belentliklerinde bitýän ýabany teosinte ösümliginden medenileşdirilipdir.
Häzirki wagtda mekgejöwen diňe bir nahar bişirmekde, lukmançylykda we maldarçylykda däl, eýsem, bioýangyç hökmünde hem ulanylýar. Ony ulanmagyň iň aňsat usuly gaýnadylan ýa-da gowrulan görnüşini gyzgyn ýag ýa-da duz bilen iýmekdir. Mekgejöwen dünýäniň köp naharhanalarynda işdäaçar hökmünde, birinji we ikinji naharlarda we süýjüliklerde ulanylýar. Mekgejöwen däneleri guradylan we doňdurylan görnüşde gowy saklanýar. Onuň ezilen dänelerinden mekge taýajyklaryny, krahmal görnüşiniň gowrulan dänelerinden bolsa popkorn alynýar.
Mekgejöwen adam saglygy üçin örän peýdaly ösümlik. Gaýnadylan mekgejöwen we patrak çagalaryň iň söýgüli iýmitidir. Ýaş mekgejöwen gaýnadylanda, belli bir derejede ýokumlylygyny ýitirýär. Mekgejöweniň düzüminde adam bedeni üçin gerek bolan С, В, РР, E witaminler we kaliý, fosfor, magniý ýaly maddalar bar. Şeýle-de, belok, ýag we uglewod bar. Bu ýeňil özleşýän iýmit bolup, bedendäki madda alyş-çalşygyny güýçlendirýär. Mekgejöwen K witaminiň çeşmesidir. Ýürek-damar kesellerinde mekgejöweni ulanmak örän peýdalydyr. Lukmanlaryň tassyklamagyna görä, mekgejöwen bedendäki zyýanly holesterini bölüp çykarýar. Ýagly naharlary gowy görýänler nahar taýýarlanlarynda köpräk mekgejöweni ulansalar, bedene gerek bolmadyk ýaglaryň täsirini peseldýär. Lukmançylykda mekge gulpagyndan adam saglygyny berkitmek, käbir keselleriň öňüni almak we bejermek üçin gerek bolan derman serişdeleri taýýarlanýar.
Mekge gulpagyny çig we guradylan görnüşinde ulanyp bolýar. Mekgejöwen gulpagynda witamin K, askorbin, pantoten turşulary, efir ýagy we başga-da, adam bedeni üçin gerek bolan birnäçe maddalar bar. Mekgejöwen gulpagy demlenilip içilende, ödüň işleýşini kadalaşdyrýar. Öt haltanyň sowuklamasynyň dürli görnüşinde, diskeneziýa keselinde, süýjüli diabetde, nerw ulgamynyň näsazlyklarynda we semizlikde mekgejöwen gulpagyndan taýýarlanan melhemleri içmek maslahat berilýär.
Gülälek TÖREGURDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler