Dil ynsanyň pikirlenişi bilen berk baglanyşyklydyr. Dil biziň beýleki adamlar bilen pikirlerimizi, garaýyşlarymyzy we duýgularymyzy paýlaşmagyň, düşünişmegiň ýoludyr. Her bir halkyň milliligi, däp-dessurlary onuň dil aýratynlygynda aýdyň şöhlelenýär. Şonuň üçin hem dil öwrenmek halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň aýdyň beýanydyr. Dünýä dilleriniň içinde iňlis dili dünýäde giňden ýaýran dilleriň biri hasaplanylýar. Häzirki döwürde biziň ýaşlarymyz hem dünýä dilleri bilen birlikde iňlis dilini çuňňur öwrenýärler. Dünýä dillerini bilmek dünýä edebiýatyndan habarly bolmakdyr, ylmyň ösüşlerine giňden göz ýetirmekdir. Ylym-bilimi öwrenmekde dil biliminiň hem möhüm orny bar, çünki dünýä dillerini bilýän hünärmen ylmy edebiýatlardan peýdalanyp bilýär. Dünýäniň ylmy edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmakda daşary ýurt dilleriniň uly ähmiýetiniň bardygy bellärliklidir. Dil diňe bir dostluk köprüsi däl, eýsem, ylym-bilimde hem möhüm ugurlaryň biridir. Şonuň üçin hem häzirki döwürde dünýä dillerini öwrenmek ýaly asylly ýörelgeler kemala geldi. Bu hem ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna mümkinçilik döredýär.
Beýik ösüşleriň gazanylýan asyrynda daşary ýurt dillerini innowasion usulda okatmak döwrüň talabydyr. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Köp dilliligi ösdürmek taglymaty rowaçlanyp, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Täze dil täze medeniýeti öwrenmäge hem mümkinçilik berýär. Her bir adam haýsy ýaşda bolsun parhy ýok, dil öwrenmäge ukyplydyr. Emma täze bir dil öwrenmek biraz wagt we sabyr-takaty talap edýär. Çünki islendik bilimi, dersi özleşdirmekde daşary ýurt edebiýatlaryny, dünýä tejribesini, internet täzeliklerini, şeýle hem innowasiýalary bilmek hökmanydyr. Daşary ýurt dillerinden baş çykarýan islendik hünärmen maglumatlara baý bolýar. Maglumatlary ýeterlik bolan islendik hünärmeniň bolsa hünärinde ussatlyk derejesine ýetjegi ikuçsuzdyr.
Daşary ýurt dillerini öwrenmek döredijilik ukybyny kämilleşdirýär, pikirlenişi ösdürýär. Dil öwrenmegiň netijesinde kämil şahsyýetler kemala gelýär. Sebäbi daşary ýurt dilini öwrenmek täze bir dünýäni öwrenmek hasaplanýar. Islendik dilde şol halkyň ruhy dünýäsi, medeniýeti aýdyň şöhlelenýär. Bu diýildigi dünýä dillerini öwrenmek arkaly dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga, ösdürmäge giň mümkinçilikler açylýar diýildigidir. Şunlukda, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri olaryň dünýägaraýşyny has-da giňeldýär, kämilleşmeklerine ýardam edýär.
Ylym-bilimi ösdürmek ugrunda beýik işleri yzygiderli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, ömürleri uzak bolsun, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Jahan ÖWEZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti
kafedrasynyň dosenti, filologiýa
ylymlarynyň kandidaty.
Teswirler