Türkmenistan — ak bugdaýyň Watany

1904-nji ýylda amerikan geology Rafael Pampelli ikinji gezek Türkmenistana gelip, Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän Änewiň günorta we demirgazyk depelerinde hem-de Gäwürgalada arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini geçirýär.

R.Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky alymlar toparynyň Änewiň depelerinde geçiren arheologiýa gazuw-agtaryş işleri uly üstünlige beslenýär. Olaryň ylmy gözlegleri netijesinde, bu ýerden däneli ekinleriň galyndylary däne, gabyk we kök görnüşinde ýüze çykarylýar. Bu tapyndylar gadymy pederlerimiziň bu ýerde däneli ekinleri ösdürip ýetişdirendigini görkezýär. Däneli ekinleriň dürli görnüşleriniň içinde bugdaýyň mese-mälim bildirip duran däneleriniň bardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Alym R.Pampelli «National Geographic» žurnalynyň 1905-nji ýylyň noýabr aýyndaky sanynda «Türkmenistan — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly ylmy makala bilen çykyş edýär. Onuň makalasy dünýäniň alymlarynyň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Olar bu makalanyň üsti bilen gadymy medeni ojaklaryň mekany hasaplanylýan Türkmenistan bilen tanyşýarlar. Onuň ýolbaşçylygyndaky toparyň Änewiň gadymy depelerinde geçiren arheologiýa ylmy barlag işleri döwründe ýüze çykaran käbir gymmatlyklary ABŞ-nyň Pibodi muzeýinde saklanylýar.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ak bugdaýyň asyl mekanynda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge uly üns berýär. Ýurdumyzyň daýhanlary ýylyň-ýylyna sahy topragymyzdan ak ekiniň bol hasylyny alýarlar. Munuň özi halkymyzyň şan-şöhratly taryhyna çäksiz buýsanç döredýär.

Läle ANNAGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok