Gadymy Änew medeniýeti

Geçmişinden habar berýän ýadygärlikleriň biri hem has gadymy we orta asyrlaryň şaýady bolan Änew medeniýetidir. Änew medeniýetiniň çägi irki eneolit döwründen giçki orta asyrlara çenli öz ýaşaýşyny dowam etdiripdir. Bu medeniýet dürli döwürlerde birnäçe alymlar tarapyndan öwrenilipdir. Ol syýahatçylaryň ýatlamalarynda buýsanç bilen bellenilip geçilýär. Edebiýatlarda berlişine görä, «Änew» sözüniň özi XIX asyryň ahyrlarynda «Annaw», «Anow» diýlip, XX asyryň başlarynda «Ab-now», ýagny «täze suw» diýen düşünjeler esasynda atlandyrylypdyr. Eger-de Änewiň ýerindäki wakalar barada gürrüň etsek, onda ol toprak has gadymydyr.

Gadymy Änewiň demirgazyk we günorta depelerinde arheologik barlag işlerini alyp baran we ilkinji gezek uly açyşlary eden amerikan alymy Rafaell Pampellidir. 1908-nji ýylda Waşingtonda alym R.Pampelliniň «Änew medeniýeti» ady bilen 2 tomluk kitaby çapdan çykandan soň, Günorta Türkmenistanda biziň eýýamymyzdan öňki VI — V müňýyllyklarda ilkinji suwarymly ekerançylygyň bolandygyny tassyklaýjy maglumatlaryň esasynda Gündogary öwreniji alymlaryň arasynda uly-uly ylmy seslenmeler bolup başlaýar. Netijede, şol ylmy düşünje dünýä taryhynda şu güne çenli «Änew medeniýeti» ady bilen dowam edip gelýär.

Amerikan alymy Hibert Fret hem 8 ýyldan gowrak Änew galasynda arheologik gazuw-barlag işlerini geçirmek bilen, Änew medeniýetine degişli ýene-de birnäçe gadymy medeni gatlaklaryň bardygyny tassyklaýar we olaryň taryhy senelenişini has gadymy, biziň eýýamymyzdan öňki VII—VI müňýyllyklar bilen döwürleşdirýär. Alymlar R.Pampelli we H.Fret gadymy türkmen topragynda ýaşap, ekerançylyk bilen meşgul bolan adamlaryň ýerli, ýagny şu günki türkmenleriň ata-babalary bolandyklaryna güwä geçýän antropologik maglumatlara esaslanyp, bu ýadygärligi dünýä ylmyna doly girizdiler. Alym Şellenberg Türkmenistandan tapylan bugdaý galyndylarynyň dört görnüşiniň bolandygyna hem güwä geçýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.

Şasenem AGABAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok