Halkyň arasynda dürli tagamlar taýýarlanylyp, olar halk köpçüligine hödürlenilýär. Şol naharlaryň arasynda dograma nahary meşhurlygy bilen ir wagtdan bäri bize mälimdir. Dograma naharynyň düzüminde adam bedenine zerur bolan witaminleriň esasylary bar. Ony iýen adam gurply we sagdyn bolup, iş ukyby beýleki adamlaryňkydan has ýokary bolýar. Dograma nahary, esasan, öý şertlerinde goýun malynyň kellebaşaýagyny arassalap, gazana salyp, gowy bişenden soň onuň etlerini sylap alyp, petir nany we ýeterlik mukdarda düýp sogany dograp, oňa goşup, mazaly garyşdyrylyp, gazanda gaýnap, gowy bişen kellebaş-aýagyň çorbasy guýlup iýilýär.
Ata-babalarymyz dograma üçin ýaş goýnuň gaýnan etini garypdyrlar. Lukman Hekim hem goýun etiniň gurplandyryjy häsiýetiniň bardygyny nygtapdyr. Bu barada Muhammet Taýmaz Türkmen şeýle beýan edýär: «Ýokumlylygy güýçli bolan, bedeni iýmitlendiriji we kuwwatlandyrýan tagam etdir. Iň oňady bir ýaşan goýnuň eti bolup, ol gyzgyn çyglydyr. Siňişi ýeňil we tagamly et gara goýnuň eti hasaplanýar». Häzirki zaman lukmançylyk ylmynda hem uzak we sagdyn ýaşamak üçin etiň (belogyň) derwaýyslygy nygtalýar.
Görnükli wenger syýahatçysy, alym, 1833 — 1914-nji ýyllarda ýaşap geçen Arminiý Wamberi özüniň syýahatyny Türkmenistanyň çäginde dowam edip ýörkä, oňa dograma nahary hödür edilipdir. Uzak ülkeli alym bu nahary iýip bolanyndan soň, öz ylmy işlerinde: «Türkmenleriň dograma diýen nahary örän tagamly, ol adam bedenine gerek bolan witaminleriň ählisini özünde jemleýär. Dograma nahary adamy gurplandyrýar, iş ukybyny artdyrýar, saglygyny berkidýär” diýip ýazypdyr.
Häzirki döwürde hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzdaky toýdur sadakalarda, naharhanalarda dograma nahary taýýarlanylyp, halka hödürlenilýär. Ol köpçüligiň halap iýýän naharlarynyň biri bolmak bilen, türkmeniň iň bir meşhur tagamydyr.
Aly AMANMYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler