Ilkinji kompýuterler

Häzirki döwürde adamzat öz iş sferasyny kompýutersiz göz öňüne getirip bilmeýär. Sebäbi kompýuter köp işi aňsat ýerine ýetirýär. Eýsem, ilkinji kompýuterleriň haçan döredilendigi we olaryň nähili aýratynlyklarynyň bardygy baradaky maglumatlar hemmäni gyzyklandyrýan bolsa gerek.

Ylymda ilkinji kompýuterleriň ikinji jahan urşundan soň ABŞ-da peýda bolandygy barada aýdylýar. Emma dünýäniň birnäçe döwletlerinde alymlar kompýutere meňzeş bolan gurluşlary döretmegiň üstünde birnäçe işleri alyp barypdyrlar. ABŞ-da döredilen ilkinji kompýuterler ENIAC (Electronic Numerical Integrator and Computer) diýlip atlandyrylypdyr, ýagny bu başgaça elektron hasaplaýyş maşynlary diýmekdir. Bu kompýuteri döretmek üçin 200 müň adam sagady sarp edilipdir. ENIAC kompýuteriniň agramy 30 tonna bolupdyr. Mundan başga-da Germaniýada nemes alymy Konrad Suze 1939-njy ýylda Z1 atly kompýuteri oýlap tapýar. Azrak wagt geçenden soň 1941-nji ýylda ol birneme kämilleşdirilen Z3 kompýuteri döreýär. Bu kompýuterler şol döwürlerde uçar gurluşygynda peýdalanylypdyr.

Russiýa döwletinde ilkinji kompýuter 1948-nji ýylda professor Lebedow tarapyndan döredilýär. Emma bu kompýuterleriň hiç birisi hem häzirki zaman kompýuterlerine meňzemeýär.
1968-nji ýylda sowet inženeri A.A.Gorohow tarapyndan ilkinji gezek ýady we enelik platasy bolan häzirki zaman kompýuterini döretmek ugrunda iş alnyp barylýar. Ýöne maddy serişdelere bolan çykdajylaryň köplügi zerarly onuň işi togtadylýar. Ilkinji häzirki zaman kompýuterleriniň haýsy ýylda döredileni barada takyk aýtmak mümkin däl. Sebäbi şol bir wagtyň özünde ilkinji häzirki zaman kompýuterini döretmek barada  dürli döwletlerde alymdyr höwesjeňler gyzyklanyp ugraýarlar. 1975-nji ýylda Altair 8800 atly häzirki zaman kompýuteri işe girizilýär. Onuň daşky keşbi aýratyn böleklerden ybarat bolan gurluşa meňzeş bolsa-da häsiýetleri häzirki zaman kompýuterlerine meňzeş bolupdyr.

1976-njy ýylda Apple I atly kompýuter meşhurlyga eýe bolýar. Onuň monitory bolmaýar. 1977-nji ýyldan başlap onuň monitorly görnüşi giňden ulanylyşa goýberlipdir. Şondan soň ähli işde kompýuterler has köp ulanylyp başlapdyr.

Maýa GURBANOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we
informatikasy kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok