Asyrlaryň dowamynda adamzat ýaşaýşyna ruhy güýç beren saz gurallaryň hersiniň döreýşi, gelip çykyş taryhy bar. Türkmen durmuşynda adamzat ýaşaýşynyň göwün küýsegini, söýgüsini gazanan saz gurallaryň biri-de, dutar saz guralydyr.
Dutar — türkmen halkynyň kalby. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň derwezesi gara gazma dutaryň goşa kirişlerinden döreýän jadyly owazlar bilen açylýar. Türkmen halkynyň ýasawyna, milli ýörelgelerine akyl ýetirmek üçin taryhyň çuňluklaryna kök uran dutar mukamlaryna düşünmek zerur. Gazma dutar, onda çalynýan mukamlar taryhyň özi ýaly gadymylygyny, ilkibaşky terligini saklap galypdyrlar. Dutar türkmen halky millet bolup kemala gelenden soň döräpmi ýa-da ondan owal hem bolupmy diýen soraga birbada jogap bermek örän çetin. Emma pederlerimiziň şanly taryhynyň islendik döwürlerine nazar aýlanyňda, dutary özleriniň ýakyn hemrasy hasaplandyklaryna şaýat bolýarsyň.
Gadymy döwürlerden bäri aýdym-saz sungatyny alymlarymyz, söz ussatlarymyz öz edebi mirasynda wasp edip geldiler. XVIII asyrda ýaşap geçen, ýüzlerçe gazallary döreden görnükli türkmen şahyry Gaýypnazar Gaýybynyň: «Saz bilen söhbedi ýaman diýmäňler, Adam, Howa dünýä gelende bardyr» diýen ajaýyp sözleri bar. Ata-babalarymyz bagşy-sazandalar barada «Bagşyly il — bagtly il», «Sazandanyňky il bilen», «Toýuň bezegi bagşydyr» ýaly öwüt-ündewleri, pähimleri miras galdyrypdyrlar.
Ýeri gelende belläp geçsek, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.
Laçyn HUDAÝAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler