Bereketli bazarlarymyzy bezeýän behişdi nygmatlaryň biri hem kädidir. Bu bakja ekini barada bilmek hemmeler üçin hem gyzykly bolsa gerek. Kädiniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdiren ata-babalarymyz onuň dermanlyk häsiýetlerini giňden öwrenip peýdalanypdyrlar. Kädiniň düzümindäki kleçatkalar adam organizminde içgatamanyň, babasylyň öňüni almaga ýardam edýär. Bakja ekini bolan kädi witaminleriň we mineral maddalaryň hazynasydyr. Alymlaryň tassyklamaklaryna görä kädi aşgazan sökelliklerinde, sarygetirmede örän haýyrly iýmit hasaplanylýar. Kädi yzygider iýmit hökmünde kabul edilende adam bedeninde holastrini azaldýar. Ýüregiň işleýşini kadalaşdyrýar. Lukmanlar kädini sowuklama garşy damarlary giňeldiji, rahatlandyryjy, maddalaryň çalyşygyna ýardam ediji, ýara bitirji ýaly häsiýetlere eýedigini aýdýarlar. Halk lukmançylygynda kädiniň çigidi gurçuklary aýyrmakda, sowuklamada giňden peýdalanylýar. Kädiniň çigidinde sink bolup, ol peşew ýollaryny, ödi arassalamakda örän peýdaly serişdedir. Kädiden taýýarlanan nygmatlar hemmeler üçin hem peýdalydyr. Witaminlere baý bolan kädi çagalaryň ösüşi üçin hem örän möhümdir.
Geçmişini ýitirmän saklan ata-babalarymyz kädini Hakyň nazary düşen diýip gürrüň edýärler. Türkmenlerde kädili nahar iýlip bolunýança demiň sanalanok diýilýär.
Gülälek ÝAZMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler