1-nji oktýabr — Ýaşulularyň halkara güni
Ýyl senenamamyzda mynasyp orun alan baýramlaryň ýene biri — Ýaşulularyň halkara gününi giňden dabaralandyrmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy her ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulularyň halkara gününi bellemek baradaky Kararnamany 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda kabul etdi. Berkarar döwletimizde-de bu baýram her ýyl uly dabaralar bilen toýlanýar.
Aslynda, Ýaşulularyň halkara güni — her birimiziň baýramymyz. Her birimiz özümizden kiçiler üçin ýaşuly. Her birimiz özümizden kiçilere görelde. Şonuň üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň mundan 33 ýyl ozal bu baýramçylygy bellemek barada kabul eden çözgüdini türkmençilige tüýs kybap gelýän çözgüt hökmünde kabul edip bileris.
Türkmençilikde özüňden ulyny sylamak, kiçä sarpa goýmak maşgalada çagalara kiçilikden öwredilýän edep kadasydyr. Çagalarda ýaşulyny sylamak, ýolbaşça sarpa goýmak endikleri terbiýelenende rowaýatlardyr hekaýatlardan, “Ulusyny sylan beg bolar”, “Ula — hormat, kiçä — hezzet”, “Ula degen uwlar, kiçä degen uýalar”, “Ula salam ber, kiçä — kelam”, “Ulusy bolmadygyň, kiçisi bolmaz” diýen ýaly atalar sözlerinden peýdalanypdyrlar.
Hormatly Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda hem “Toý güni obanyň ýaşulularynyň märekede aý gurap oturmaklary bilen toý özüniň hakyky görnüşine gelýär” diýip, jaýdar nygtaýşy ýaly, ýaşulularymyz ähli toýlarymyzyň bezegidir. Geljekde-de dilleri senaly ýaşulularymyzyň orny törde bolar.
Ajap zamanamyzda il sylagly ýaşuly neslimize hemişe sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Baýram ASTANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler