Ýurdumyzda “ýaşyl” ykdysadyýet pudagy ösdürilýär

Bagtyýar döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurduň nurana geljegi bolan ýaş nesliň kämil ylym-bilim almagyna, giň gözýetimli, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerine gönükdirilen döwletli başlangyçlar barha rowaç alýar. Durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş raýatlaryň hukuklaryny hem-de döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olaryň döredijilik, ylmy gözleglerini, telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady çäreleri öz içine alýar.

Ata Watanymyzyň aýdyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilýär, çünki şu günli nesiller ertirki döwleti dolandyrmaly adamlardyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmeklerini gazanmak döwlet derejesinde hemişe aýratyn üns merkezinde saklanylýar.

Eziz ýurdumyzyň ösüşiniň dünýäniň öňdebaryjy tehnologik özgertmeleri bilen aýakdaş gitmegi ýaşlara hem baglydyr. Şol nukdaýnazardan hem ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek we sanlylaşdyrmak, ýaş nesliň ylmy mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak babatda möhüm wezipeler öňe sürülýär. Şeýle-de oba hojalygynyň ykdysady netijeliligi we düşewüntliligi ýokarlandyrylýar, gaýtadan işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylyp, galyndysyz tehnologiýalar ornaşdyrylýar, azyk howpsuzlygynyň gazanylmagy bolsa ýaş nesliň amatly, ýokary hilli ýaşaýşynyň möhüm esaslaryny emele getirmäge uly täsir edýär.

Ýurdumyzda «ýaşyl» ykdysadyýetiň ösdürilmegine hem-de onuň geljegine uly orun berilýär, halkara ekologik talaplara laýyk gelýän kärhanalar gurulýar, netijede täze iş orunlary döreýär, bagtyýar ýaşlara bolsa ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň bähbidine halal hem yhlasly zähmet çekmeklik galýar.

Bagtyýar ýaşlaryň durmuş goraglylygy, iş üpjünçiligi yzygiderli ýokarlanýar, bilim ojaklarynda täze-täze hünärler açylýar, gurulýan bilim edaralary, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bularyň ählisi nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek barada edilýän taýsyz tagallalardan aýdyň nyşandyr.

Seýrangeldi BORJAKOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik
ulgamlary fakultetiniň IV ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok