BMG – de Magtymguly Pyragy barada aýdylan söz dünýäde uly gyzyklanma döretdi

Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly hakynda  BMG-de sözlän sözi türki dünýäsiniň alymlarynda uly seslenme döretdi. Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşyny: «Geljek ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda türkmen halkynyň görnükli ogly, akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belleniler. Ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar. Men öz çykyşymy Magtymgulynyň «Adamzat» atly goşgusynyň şu sözleri bilen tamamlamak isleýärin. Bu goşguda şahyr döwürdeşlerine we geljek nesillere örän täsirli şeýle setirler bilen ýüzlenýär:

Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz,
Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat.

Goý, döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylyk, adalatlylyk, ösüş ideallaryna wepalylyk biziň bilelikdäki işimizde esasy we aýdyň ýörelge bolup hyzmat etsin!»  – diýen çuňňur mazmunly sözler bilen tamamlamagy, diňe bir türkmen halkynda däl-de, bütindünýä jemgyýetçiliginde, hususan-da, geljek ýyly – 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan eden türki döwletleriň meşhur magtymgulyşynaslarynda uly seslenme döretdi. Olaryň bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza hoşallyklary barada ýürekden çykan buýsançly sözlerini «Ýürekden çykan söz ýürege barar» diýen aýtga esaslanyp, ashgabat.in web saýtynyň okyjylaryna ýetirmekligi makul bildik.

Türkiýäniň Ankara şäherindäki Hajy Baýram uniwersitetiniň «Häzirki zaman türki dilleri we edebiýaty» bölüminiň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň doktory, magtymgulyşynas Emrah Ýylmaz: 

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda Magtymguly Pyragy barada aýratyn belläp geçmegi, biz magtymgulyşynaslar üçin diýseň täsirli boldy. Magtymguly Pyragy, şübhesiz türkmen halkynyň ruhy lukmany, syýasy akyldary, ykbal ýyldyzy, alymy, danasy we şahyrlaryň şazadasydyr. Ol milli meseleleri kämil görnüşde beýan eden eserleri bilen öz ýurdunyň çäklerinden çykyp, bütindünýäniň şahyry bolmagy başarypdyr. Şu nukdaýnazaryndan seredeniňde, ol diňe türkmenlere däl, eýsem tutuş adamzat nesline ummasyz möçberde medeni hazyna miras galdyrypdyr. Türkmen halkynyň we bütin ynsanyýetiň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak gymmatly edebi mirasy bilen menem ylmy nukdaýnazardan içgin gyzyklandym.

2016-njy ýylda 775 sahypadan ybarat bolan, türkmen hem türk dilinde düşündiriş berýän «Magtymgulynyň eserleriniň frazeologik sözlügi» («Mahtumkulu Eserlerinin Deyimler Sözlüğü») atly kitabym, 2021-nji ýylda özbek dilinde «Magtymguly Pyragynyň pikir dünýäsi» («Maxtumquli Firog‘iyning Fikr Dunyosi») atly monografik kitabym neşir edildi. 2022-nji ýylda Türkiýäniň Ankara şäherindäki Hajy Baýram Weli Uniweristetinde “Magtymguly we eserlerinde metafora” («Mahtumkulu ve Eserlerinde Metafor») atly dissertasiýamy goradym. Indi, nesip bolsa TÜRKSOÝ halkara guramasynyň goldaw bermeginde Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligindäki  metaforalary bir kitapda jemläp, beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyna sowgat etmekçi. Mundan başga-da 2024-nji ýylda geçiriljek bu şanly senä şu wagtdan taýýarlyk görüp, «Magtymguly – uly söz ussady», «Magtymguly ensiklopediýasy» taslamalarymyzyň üstünde işleýäris. Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentine Beýik Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny bütindünýä ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan örän çuňňur öwrenilmegine giň mümkinçilikleri döredendigi üçin özümiň çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin.

 Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky edebiýat institutynyň «Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan edebi gatnaşyklar» bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory, magtymgulyşynas Almaz Ülwi (Binnatowa):

 – Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynyň soňunda Magtymguly Pyragy barada söz sözläp, onuň «Adamzat» atly şygryndan ajaýyp şahyrana setirleri dile getirmegi, biz magtymgulyşynaslar üçin ýatdan çykmajak taryhy pursat boldy. Çünki, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umumadamzat nesli üçin özboluşly bir täsin durmuş mekdebidir.

Meniň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine birnäçe gezek ylmy nukdaýnazardan ýüzlenmegimiň esasy sebäpleriniň biri, onuň şygryýetiniň  ruhundaky, demindäki halk söýgüsi, halk erkinliginiň jarçysy hökmündäki edermenligi, türkmen taýpalaryny birleşmäge çagyryş sebäpleriniň has güýçli bolandygy, şahyryň goşgularynda realizmiň esasy orun alandygy, onuň bütindünýäde halklaryň ahlaky-syýasy agzybirliginiň beýik goragçysyna, jarçysyna öwrülendigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Magtymgulynyň ýokary şahyrana pikir-düşünjesi, täsin şygryýeti halkyň ruhundan iýmitlenen özboluşly bir kämil poeziýadyr. Ol millilik nukdaýnazaryndan, ynsany pikirleri şahyrana dilde ussatlyk bilen ýazmakda batyrgaýlyk görkezipdir. Men häzire çenli Magtymguly Pyragy döredijiligi babatda “Magtymgulynyň edebi mirasyna täzeçe ylmy-nazaryýet”, “Azerbaýjan edebiýatşynaslygynda Magtymgulynyň edebi mirasynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda öwrenilmesi we ylmy seljermeler”, «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde çeper aňlatma» we ş.m. mowzuklar boýunça ylmy makalalar ýazdym. Men Türkiýede, Daşkentde, Aşgabatda «Türkmen edebiýaty we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy-amaly maslahatlara birnäçe gezek gatnaşyp, çykyş etdim.  Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada Türkiýede geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatda şol maslahatyň iň ýokary baýragyny –  türkmen halysyny sowgat aldym. Azerbaýjanda Magtymguly Pyragy hakynda ýazylan dissertasiýalara birnäçe gezek ylmy synçy we ylmy maslahatçy boldum. Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň müdiri, akademik Isa Häbibbäýliniň we filologiýa  ylymlarynyň doktory Ismihan Osmanlynyň bilelikde ýazan we 2019-njy ýylda «Ylym we bilim» neşirýaty tarapyndan neşir edilen «Magtymguly Pyragy we Azerbaýjan» atly kitabyň ylmy redaktory boldum. Ýakyn wagtda özüm hem, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik akyldaryň döredijiligi barada azerbaýjan dilinde ylmy kitap neşir etdirmegi meýilleşdirýän. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir türkmen halky üçin däl-de, eýsem, bütin ynsanyýet üçin, hususan-da azerbaýjan halky üçin gyzyldan gymmatly edebi mirasdyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar  Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynyň ahyrynda Magtymguly Pyragy hakynda söz sözlemegi, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» atly çuňňur manyly, täsin şahyrana eserini döretmegi biz üçin diýseň buýsandyryjydyr.

Türkiýäniň Firat uniwersitetiniň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory, magtymgulyşynas Ahmet Buran:

– Men 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda teleýaýlymyň üsti bilen Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna tomaşa edip otyrkam, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öz çykyşynyň soňunda Magtymguly Pyragy hakynda diýseň täsirli söz sözlän mahaly, beýik şahyryň «Adamzat» atly goşgusynyň çuňňur manyly şygyr setirlerini ýatdan aýdyp, öz sözüni mazmun taýdan baýlaşdyryşyna akylym haýran galdy. Munuň özi ýurduň beýik Lideri tarapyndan halkyň milli nusgawy şahyryna goýulýan ägirt uly hormatdan nyşandyr.

Türkmen diliniň ýazuw diline öwrülmeginde, türkmen taýpalarynyň birleşip, milli aňyýetiň kemala gelmeginde we türkmen halkynyň özbaşdak bir berkarar döwletli bolmagynda Beýik Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň örän möhüm ähmiýeti bardyr. Magtymguly türki halklaryň umumy siwilizasiýasynyň, medeniýetiniň ösüşinde we ýakynlaşmagynda  örän möhüm polýus ýyldyzydyr. Ol diňe bir türkmenler üçin däl, eýsem tutuş türki dünýäsiniň halky üçin, hat-da parahatçylyga we dost-doganlyga goşan goşantlary, ynsanperwer düşünjeleri, akyl, ylym we adalat hakda alada edýän pikirleri bilen bütin adamzat üçin ýol görkezijidir. Hut şu nukdaýnazardan-da, men bular barada şu ýylyň fewral aýynda Türkiýede türk dilinde neşir edilen «Magtymguly – sözi ganatlandyran şahyr» atly kitabymda has giňişleýin beýan etdim. Ýeri gelende aýtsam, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda beýik Magtymguly Pyragy hakynda diýseň täsirli söz sözlän Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowa özümiň çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin.

 Türkiýeli professorlar, filologiýa ylymlarynyň doktorlary  Irfan Ünsal we Zehra Ünsal:

Men kärdeşlerimden  Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşyny Magtymguly Pyragy baradaky ýakymly sözleri bilen jemländigini eşidip, telefonymdan YouTube ýaýlymynyň üsti bilen, şol senedäki «Watan» habarlar gepleşigini gördüm. Hakykatdan-da, Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň belent münberinden Magtymguly Pyragy barada diýseň buýsançly söz sözledi. Menem, ýanýoldaşym Zehra-da dilçi alym hökmünde türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn hormat goýýarys.  

Magtymguly Pyragy şygyrlaryny türkmen halkyna düşnükli bolan dilde, halky dilde ýazan şahyrdyr. Onuň türkmen edebiýatynda esaslandyran halky dili bolsa, diňe bir türkmen halkyna däl-de, Ýewropanyň gündogar kenarlaryndan Hytaýa çenli uzalyp, giň geografiýasyny öz içine alýan türki halklara hem düşnüklidir. Türki halklardan bolan her bir adam türki dünýäsiniň haýsy döwletine syýahat edeninde-de, türki dilleriň islendik şiwesinde düşünişip, aragatnaşyk saklap bilýär. Muňa biz 1996 – 1999-njy ýyllar aralygynda Gazagystanda, 2005 – 2010-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanda işlän ýyllarymyzda anyk-aýdyň göz ýetirdik.

Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda işlän ýyllarymyzda türk diliniň türkmen diline näderejede ýakyndygyny we bu iki halkyň doganlygyny görkezmek üçin, türkçe-türkmençe, türkmençe-türkçe sözlügini taýýarlamagy maksat edindik. Türkmenistandaky işimizi dynyp, Türkiýä gaýdyp gelenimizden soňra – 2014-nji ýylda bolsa taýýarlan Türkçe-türkmençe, türkmençe-türkçe sözlügimizi 431 sahypaly kitap görnüşinde neşir etdirdik. Mundan başga-da, men ýanýoldaşym Zehra Ünsal bilen takmynan 15 müň sany türkmen nakylyny türk diline terjime edip, alymlar toparynyň «Türki dünýäsinde atalar sözi» atly bilelikdäki kitabynda neşir etdirdik. Bu neşirde türkmen halkyna degişli bolan 15 müň sany türkmen nakylynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryndan atalar sözüne öwrülip giden parasatly aýtgylar bar. Bu parasatly aýtgylar türki dünýäsiniň many-mazmuna baý edebi mirasy üçin tapylgysyz hazynadyr. Çünki, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi tutuş türki dünýäsi bilen birlikde, umumadamzat nesli üçin hem, özboluşly bir durmuş gönükmesidir. Pursatdan peýdalanyp, men Beýik Magtymgulynyň edebi mirasyna uly hormat goýýan, onuň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde giňden bellemäge giň mümkinçilikleri döredýän, dana Pyragynyň ýakynlaşyp gelýän şanly senesine BMG-niň belent münberinden bütindünýä jemgyýetçiligini türkmen halkyna mahsus bolan milli myhmansöýerlik bilen çagyrýan Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga bu ugurda amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin.  

Azerbaýjanyň Diller uniwersitetiniň Türki dünýäsiniň ylmy-barlaglary institutynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Elçin Ibrahimow:

Men türkmen teleýaýlymlarynyň üsti bilen Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda Magtymguly Pyragy barada sözlän çuňňur manyly sözlerini diňläp, ruhum galkyndy.  Men mundan ozal Türkmenistanyň resmi habar web saýtlaryndan Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň BMG-niň 78-nji sessiýasynda 2024-nji ýylda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmek we Bütindünýä türki dilleriniň gününi bellemek hakynda öňe sürjek halkara başlangyjy baradaky habary okanymdan bäri, bu taryhy waka  sabyrlyk bilen garaşdym. Çünki, Magtymguly Pyragy, diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem tutuş türki dünýäsiniň beýik şahsyýetidir.

Türkmenleriň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türki döwletleriň arasynda çuňňur hormat goýulýan we giňden öwrenilýän edebi mirasdyr. Türki dünýäsiniň dilde, pikirde iş birliginiň bir ýolu-da Magtymguly ýaly beýik şahsyýetleriň döredijiliginiň düýpli öwrenilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Beýik Pyragynyň edebi mirasy türki dilleriň sözköki sözlügini çuňňur öwrenmek babatda-da diýseň ähmiýetli we gymmatly edebi mirasdyr.  Meniň doktorlyk ylmy işim hem Türki dünýäsinde umumy elipbiý we umumy dil syýasatlary mowzugyna degişlidir. Meniň bu mowzugy ylmy esasda düýpli öwrenmegimde beýik Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy hem gymmatly ylmy çeşme boldy. Hut şu nukdaýnazardan-da, men Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, Türki dilleriň halkara hepdeligini  geçirmek we Bütindünýä türki dilleriniň gününi bellemek baradaky halkara başlangyjyny türki dünýäsiniň dilçi alymlary bilen bilelikde çyn ýürekden goldaýaryn.

Söhbetdeşligi taýýarlan:
Toýly Jänädow,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Mary etrap geňeşiniň işgäri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok