Alymlar adam bedenindäki ähli öýjükleri sanadylar

Mälim bolşy ýaly, bedenimiz nerw öýjüklerinden hem gyzyl gan öýjüklerinden başlap, myşsa dokumasynyň esasyny emele getirýän millionlarça miositlere çenli dürli funksiýalary ýerine ýetirýän haýran galdyryjy öýjükleriň toplumyndan durýar. Bedeniň ähli öýjüklerini belli bir matematiki san bilen aňlatmak hem juda kyn.

Germaniýadan, Kanadadan, Ispaniýadan we ABŞ-dan düzülen gözlegçileriň bilelikdäki topary adam bedeninde näçe öýjük bardygyny hasaplamagy karar etdiler. Alymlar bir ýarym müňden gowrak ylmy neşirleri seljerenden soň, 70 kg agramly uly ýaşdaky adamlaryň bedeniniň takmynan 36 trillion öýjükden, agramy 60 kg bolan aýal maşgalanyň bedeniniň bolsa adatça 28 trillion öýjüginiň we agramy 32 kg bolan on ýaşly çagalaryň bolsa takmynan 17 trillion beden öýjükleriniň bardygyny anykladylar.

Geçirilen gözleg öýjükleriň umumy sanyndan başga-da hakykatdanam üýtgeşik bir tarapyny ýüze çykardy. Alymlar öýjükleri ululygyna görä dürli kategoriýalara bölmek kararyna geldiler. Netijede, her kategoriýa beden agramyna takmynan şol bir goşant goşýar.

Bu işler gözlegçileriň “umuman bedendäki öýjükleriň ululygy bilen sany arasynda söwda-satuw” barada teoriýa getirmegine sebäp boldy. Başga bir söz bilen aýdylanda, onda tebigy deňagramlylyk ýüze çykýar: kategoriýalaryň massasyny deň derejede saklamak üçin beden has uly öýjükleri we has kiçi öýjükleri döredýär.

Gözlegçileriň belleýşi ýaly, öýjüklerimiz dürli funksiýalary ýerine ýetirmek üçin ideal ölçegde bolýar we bu “tebigy kanunyň” bozulmagy köplenç keseliň bardygyny görkezýär.

Alymlar, geljekki gözlegleriň adam bedeniniň öýjükleriň ululygyny we sanyny nädip kadalaşdyrýandygyny we bu düzgüniň bedenimiziň saglygyny we kadaly ösmegini üpjün etmek üçin nähili işleýändigini has gowy öwrenmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar.

Berdimyrat BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki
we ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok