Ekologiýa abadançylygyň goragynda

Ýurdumyzda ýer, suw we biologik serişdeleri netijeli peýdalanmak, biologik köpdürlüligi goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Tutuş dünýä ýüzünde daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak möhüm meseleleriň birine öwrülýär. Ýurdumyzyň bu ugurda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, şeýle-de onuň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, Ýaponiýada geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Bu başlangyçlardan ugur alyp, ýurdumyzda olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça hem birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine halkara kadalara laýyk gelýän “Tebigaty goramak hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Ösümlik we haýwanat dünýäsi hakynda”, “Balykçylyk we suw biologik serişdelerini goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Tokaý kodeksiniň kabul edilmeginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Ýurdumyzda tebigaty gorap saklamak, Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ekologiýa syýasatynyň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan tokaý zolaklarynyň, döwrebap seýilgähleriň artmagy ilatyň arassa howada dynç almagy we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin zerur şertleri üpjün edýär. Bu tokaýlar, seýilgähler diňe bir gözellik döredýän künjek bolman, eýsem, arassa howada adamlaryň göwnejaý dynç almaklary, şeýle-de şanly seneler mynasybetli medeni çäreleri guramak üçin hem amatly bolup durýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa ýurtlaryň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Hut şonuň üçin hem döwletimiziň öňe sürýän ekologiýa syýasatyny bütin dünýä ykrar edýär.

Akmuhammet ALLABERENOW,
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok