Petra gadymy şäherdir. Ol ilki başda Idumeanyň paýtagty, soňra Nabataý patyşalygynyň paýtagty bolupdyr. Nabataýlylaryň özleri bu şähere Rakma diýip at beripdirler. Bu şäher häzirki Iordaniýanyň çäginde, deňiz derejesinden 900 m-den gowrak belentlikde we töwereginden 660 m belentlikde Arawa jülgesinde, Sik kanýonynda ýerleşýär. Petradan uzak bolmadyk ýerde Ad-Dair gaýa ybadathanasy we Harunyň mazary ýerleşýär. Bu şäher iki möhüm söwda ýolunyň çatrygynda ýerleşýardi: biri Gyzyl deňzi Damask bilen, beýlekisi Pars aýlagyny Ortaýer deňziniň kenaryndaky Gaza bilen birleşdirýär. Gymmat bahaly ysly zatlar bilen doldurylan Pars aýlagyndan gidýän kerwenler, köpden bäri garaşylýan Petra alyp barýan dar Sik kanýonynyň salkynlygyna ýetýänçe, Arap çölüniň agyr şertlerine batyrgaýlyk bilen çydamly bolýarlar. Ol ýerde syýahatçylar iýmit, başpena we sowuk suw tapdylar. Nabataýyň başga bir esasy merkezi Hergadyr.
Ýüzlerçe ýyllap edilen söwda Petra uly baýlyk getirdi. Emma rimliler gündogara deňiz ýollaryny açanda ýakymly ysly zatlar bilen ýer söwdasy puja çykdy we Petra kуm- kemden taşlandy, gumlarda ýitdi. Petranyň köp binalary dürli döwürlerde we şäheriň dürli eýeleriniň, şol sanda Edomlylaryň, Nabatlylaryň, Rimlileriň, Wizantiýalylaryň we Araplaryň arasynda gurlupdyr.
Petrany gören we beýan eden häzirki zaman ýewropalylaryň ilkinjisi şwesariýaly Ludwig Burkhardt bolupdyr. Gadymy teatryň gapdalynda Edomit ýa-da Nabataý döwründen bir binany görmek bolýar. B.e öňki VI asyrdan soň gurlan ýadygärlikler ýok diýen ýaly, sebäbi şol döwürde şäher ähmiýetini ýitiripdi. XX asyryň ahyrynda Petra Iordaniýanyň iň meşhur syýahatçylyk merkezine öwrülipdi. 2007-nji ýylda ,,Dünýäniň täsinlikleriniň’’ biri hökmünde saýlandy. Şu günler binalary onuň geçmişine şaýatlyk edýän Petrany görmek üçin, her ýyl Iordaniýa ýarym million töweregi syýahatçy gelýär. Syýahatçylar 1 kilometr uzynlykdaky Sik kanýonyndan geçip barýarkalar, egrem-bügremleriň töwereginde ullakan gaýadan ýasalan ajaýyp bina Al-Kazneni görýärler. Bu iň gowy binalaryň biridir.
Ýomut Muradow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalygynda maglumat ulgamlary
hünäriniň 5-nji ýyl talyby.
Teswirler