Hytaýyň reňkli daglary

Adamlar köplenç reňkli zatlary gowy görýärler. Eger söhbetdeşlik dünýäniň öwüşgünli ýerlerine öwrülse, ol ýer reňkli köller bolsun ýa-da dürli öwüşgünli çägeler bolsun, ol adamlaryň ähli ünsi özüne çeker. Kelimutu wulkanynyň köp reňkli kölleriniň we Çamareliň reňkli çägeleriniň bolşy ýaly, Çžanýe Danksianyň reňkli gaýalary hakda hem öwrenmek has gyzyklydyr. Hytaýda gaýalaryň gyzyl we goňur reňkler bilen boýalan ýerleri bar. Bu tebigy täsinlik Gansu welaýatynyň Çžanýe şäheriniň golaýragyndaky Silýanşan gerşiniň demirgazygynda ýerleşýär. Reňkli daglar Hytaýdaky milli seýilgähleriň bir bölegidir. Bu ýerler diňe 2011-nji ýylyň noýabrynda milli seýilgäh diýlip yglan edildi. Seýilgähiň meýdany 510 km 2 -dyr.

Älemgoşaryň ähli reňklerini diýen ýaly milli seýilgähde ýaýran köp sanly depelerde görmek bolýar. Umuman aýdanyňda, bu gözelligi söz bilen suratlandyrmak mümkin däl. Ony öz gözüň bilen görmeli. Dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň bu goralýan we reňkli ýere barmaga çalyşýandyklary geň däldir. Bu ýerdäki gaýalar gyzyl çäge daşlardan we bogaz gaýalaryndan durýar. Alymlar takmynan 100 million ýyl ozal bu ýerlerde suwlaryň ummasyz hapany saklaýan ullakan suw howdanynyň bardygyny çaklaýar. Mundan başga-da dürli daşky faktorlaryň täsiri bilen äpet howuz gurady we düýbunde toplanan zatlaryň hemmesi okislenip, şeýle dürli reňklere eýe bolup başlady.

Çžanýe Danksianyň reňkli daglary Hytaýyň serhetinden has uzaklarda belli bolansoň, bu ýere syýahatçylaryň köp sanlysy gelip başlady. Birwagtlar asuda ýaşaýan Çžanýe şäheri reňkli daglara gezelenç üçin başlanguç nokada öwrüldi. Bu ýerlere gelýänleriň rahatlygy üçin agaçdan pollar we basgançaklar guruldy.

Ogulnur SAPAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok