Golaýda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 238-nji belgili ulanyş guýusynda buraw işleriniň 4 müň 557 metr çuňlukda ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4496-4214 metr aralykdaky gatlaklarda jemi 189 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy.
Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 2 million 264 kub metr tebigy gaz berýär. Bu işleriň milli hünärmenlerimiz tarapyndan ýerine ýetirilmegi, ylaýta-da ýaş gazçylaryň hem uly goşandynyň bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi döwletimiziň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 32 ýyllyk şanly baýramçylygyna konserniň gazçylarynyň taýýarlan ajaýyp toý sowgadydyr.
«Galkynyş» gaz käniniň gory «Ýaşlar» gaz käni bilen bilelikde häzirki wagtda 26,2 trillion kub metre barabar we bu känleriň bir bölegi bolan täze açylan Garaköl ýatagynyň gory hasaba alnanda jemi 27,4 trillion kub metre barabar diýlip hasaplanylýar. Bu bolsa döwletimiziň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulmagyna we öz ornuny barha berkitmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Bu gaz käninde ulanyşa girizilen gaz guýularynyň her biriniň bir gije-gündizde 2 million kub metre çenli önüm bermegi «Galkynyş» gaz käniniň örän baý tebigy gaz goruna eýedigini subut edýän hakykatdyr.
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.
Teswirler