Deňizlerden ýylda 6 milliard tonna çäge çykarylýar

Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP) her ýylda deňizlerden we ummanlardan 6 milliard tonna çäge çykarylýandygyny we netijede suwuň biodürlüliginiň howp astyndadygyny habar berdi. Bu bolsa bir günde 1 milliondan gowrak zibil awtoulagynyň mukdaryna deňdir.

UNEP – suwasty biodürlüligiň howp astyndadygyny belläp, deňizlerden we ummanlardan çykarylýan çägä gözegçilik etmek üçin “Marine Sand Tracker” atly maglumat platformasyny döredendigini mälim etdi.

UNEP – çäge çykarmagyň mukdarynyň ýylda 10-16 milliard tonna tebigy täzeleniş tizligine ýakynlaşýandygyny, bu derýalaryň kenarýaka we deňiz ekosistemalarynyň gurluşyny we işleýşini dowam etdirmelidigini öňe sürdi.

UNEP-iň beren beýanynda: “Mälim bolşy ýaly çäge sement önümçiliginden başlap, gurluşykda aýna önümçiligine çenli köp pudaklarda ulanylýar. Çäge we çagyl üçin deňiz gazylmagy dürli gurluşyk işleriniň merkezinde durýar. Deňiz derejesiniň ýokarlanmagy we tupan kenarýaka jemgyýetleri üçin howp döredýär, sebäbi kenarýaka goraglaryny gurmak we ýel ýa-da tolkun turbinalary ýaly deňizdäki energiýa infrastrukturasyny goldamak üçin deňiz gumy zerur bolup durýar. Çäge çykarmak kenarýaka we deňiz ekosistemalaryny, şol sanda deňiz biodürlüligine we ondaky ýokumly maddalaryň üýtgemegine şeýle-de hapalanmagyna sebäp bolýar” – diýlip bellenilýär.

Çarymyrat ÇARYGULYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok