Halypam Almaz Ýazberdiýewe giç duşup, ir ýitirdim

Kitaba bolan höwesim meni ussat halypa, mugallym Almaz Ýazberdiýewiň ýanyna eltdi. Almaz mugallym bizi okatmasa-da men onuň institudymyzdaky otagyna her gün baryp başladym. Ilkinji tanyşlygymyzdan soň bir gün Almaz mugallymyň otagyna: “Salam, Almaz mugallym” diýip gapydan girdim-de onuň ýanyna bardym, mähetdel maňa tarap elini uzatdy, men hem iki elimi uzadyp pugta salamlaşdym, bu salamlaşmak maňa gaty üýtgeşik täsir etdi.

Şol gün Türkmenistan dünýä medeniýetiniň gadymy ojagydyr, Gündogar metweçiliginiň we köne türkmen basma kitaplarynyň taryhy, atly kitaplaryna ýadygärlik ýazgy ýazyp bermegini haýyş etdim, ol maňa: “Hökman, hökman ýazyp bererin” diýdi-de şol kitaplara arap hatynda, “talyp Daýanja iň gowy arzuwlar bilen awtordan ýadygärlik” diýip ýazgy galdyrdy. Şol wagt men: “Almaz mugallym, eger mümkin bolsa, siz bilen surata düşäýeli” diýenimde, ol maňa: “Meniň el telefonum ýok, onda surata düşüp bolanok” diýipdi, men hem: “Meniň telefonumda düşüp bileris” diýenimde “bolýa bolýa” diýip meniň bilen bile ýadygärlik surata düşüpdi.

Almaz mugallym: “Daýanç, meniň başgada ýazan kitaplarym köp, gerek bolsa olardan hem bereýin. Meniň kitaplarymyň bir toplumy bolsun sende” diýip, başgada köp kitaplaryny ýadygärlik ýazgysy bilen sowgat berdi. Almaz mugallymyň otagy biziň okuw otagymyza ýakyndy. Bir gün mugallym ir gelipdir, ol biziň okuw otagymyzyň gapysyny kakyp açdy-da: “Daýanç barmy” diýip, meni çagyrdy men hem onuň otagyna yzy bilen bardym. Almaz mugallymyň çagyrmagynyň sebäbi, maňa öz kitaplarynyň ýene birnäçesini maňa sowgat getiripdir.

Bir gün okuwa baranymda talyp ýoldaşym: “Seni, Almaz Ýazberdiýew sorady diýip aýtdy, men şobada halypa mugallymyň ýanyna bardym. Ol: “Daýanç, gel” diýip ýanyna çagyrdy, “saňa kitap getirdim” diýip “Избранные статьи” atly 14 tomluk kitabynyň 10-njy tomuny hem-de öz terjime eden “Awesta” kitabyny berip: “Şu kitaplary saňa bereýin kitabyň gadyryny bilýände dursun” diýdi-de maňa berdi. Hersine dürli ýadygärlik ýazgy ýazylan kitaplaryň içinden biri meniň ünsümi çekdi, “Избранные статьи” atly kitabynyň 10-njy tomunda: “Daýanja alym bolar diýen umyt bilen awtordan ýadygärlik” diýip ýazylan kitabyny maňa beren wagty: “Belki sen hem meniň ýaly alym bolarsyň” diýip mähirli ýylgyrypdy. Şol ýylgyryş, şol gözler häli-häzirem meniň aňymdan, göz öňümden gitmeýär. Men ony okuwyň tamamlanmagyna az wagt galanda iň soňky gezek gördüm.

Ýatlamaň arasynda şeýle ussat halypa bilen bolan tanyşlygym, onuň maňa beren şol kitaplary iň gymmatly we elýetmez kitaplar boldy. Meniň kitaba bolan ymtylmalarymyň öňküden-de güýçlenmegine ýardam beren halypam, Almaz Ýazberdiýewa giç duşup, ir ýitirdim.

Halypam Almaz Ýazberdiýew ýatan ýeriňiz ýagty, jaýyňyz jennet bolsun.

Entägem men saňa duşan ekenim,
Halypa mugallym Almaz Ýazberdi.
Seniň bilen şol geçiren söhbetim,
Bir ýatlama sygmajagyna begendim.


Daýanç BAÝRAMOW,
Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň
“Teatr sungaty” fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok