Pyragynyň döredijiligi — dünýä medeniýetiniň hazynasy

Magtymguly Pyragy türkmen kalbynyň sözüni äleme ýaýan akyldardyr. Ol halkyň köňül nagşydyr. Magtymguly Pyragynyň Gündogaryň şygryýetiniň owazyny, paýhasyny we sazlaşygyny özünde jemleýän eserleri sebitiň hem-de dünýäniň halklarynyň milli edebiýatynyň, ruhy medeniýetiniň ösüş ýoluna şamçyragdyr.

Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetiniň taryhyny we edebiýatyny öwrenijiler, şol sanda daşary ýurtly hünärmenler üçin uly gyzyklanma bildirilýän şahsyýetleriň biridir. Magtymgulynyň Gündogar halklarynyň milli edebi mirasynyň ösdürilmegine ýetiren täsiri medeniýeti öwreniji alymlaryň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Bu babatda birnäçe umumy kanunalaýyklyklaryň bardygyny bellemeli. Ýazuwly edebiýatyň döremeginde ähmiýeti bolan halk döredijiligine möhüm orun degişlidir.

Taryhdan belli bolşy ýaly, Magtymguly Pyragy halkymyzyň şygryýet dünýäsini öz döwrüniň çeper usullary we oňyn ýörelgeleri bilen baýlaşdyryp, türkmen edebiýatynda täze sahypany açdy. Şunda türkmen diliniň arassalygyna, onuň baýlygyna ähmiýet berlipdir. Munuň özi özboluşly milli edebi ýörelgäniň emele gelmegini şertlendirdi. Magtymgulynyň şahyrana dili şirinligi, halka ýakynlygy bilen özüne çekýär. Onuň goşgulary milli halk döredijiliginiň ruhy we çeperçiligi bilen baýlaşdyrylypdyr. Bu bolsa eserleriň ynsan kalbyna ýakynlygyny üpjün edýär.

Pederlerimiziň, alym-ulamalarymyzyň ruhuny şat edip, tirsegine galdyryp, hatyralamaga, sarpalamaga giň ýollar açýan mähriban Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ömürleriniň uzak, işleriniň mydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Bibi ALLANAZAROWA,

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap
Halk Maslahatynyň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok